Musa Jalaýew suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatynda kümüş medal eýeledi

13:5919.04.2023
0
14131

Daşkent şäherinde suwda ýüzmek boýunça Özbegistanyň açyk çempionatyna badalga berildi. Halkara ýaryşa 265 türgen gatnaşýar.

18-nji aprelde geçirilen ilkinji gününde erkin usulda 100 metr aralyga ýüzmek boýunça ýaryşda türkmenistanly ýüzüji Musa Jalaýew aralygy 52,35 sekuntda geçip, kümüş medala mynasyp boldy.

Bu aralykda altyn medala Özbegistanyň Andijan welaýatyndan Eldorbek Usmonow (51,48) mynasyp boldy. Hormat münberiniň üçünji basgançagyna bolsa Daşkentden Bekmurod Kenjaýew (52,76) çykdy.

Bu ― türkmen ýygyndysynyň Özbegistanyň açyk çempionatyndaky ilkinji medalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň