Berdiýewiň topary Ýewropa ligasyna gatnaşyjydan utuk alyp, ýeňlişsiz ýoluny dowam etdirdi

15:0204.08.2015
0
2648

Duşenbe güni Russiýanyň premýer-ligasynda tamamlanan 3-nji tapgyrda belli türkmen tälimçisi Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygyndaky “Rostow” Ýewropa ligasyna gatnaşýan “Krasnodar” bilen 0:0 oýnap, ýeňlişsiz ýoluny dowam etdirdi.

Çempionata diýseň ynamly başlan “Rostow” iki tapgyrdan soň, ýaryş tertibinde “Krasnodardan” ýokarda ýerleşdi. Iki topar hem ýeňiş gazanmaga ymtyldy. “Krasnodar” muny ussatlyk derejesini görkezip ýeňmek isledi, çünki bu topar geçen ýyl iki gezegem rostowlylardan rüstem geldi. Gurban Berdiýewiň şägirtleri bolsa ýaryşa ynamly goşulmaklarynyň tötänlik däldigini subut edip geçen ýylky şowsuzlyklar üçin haklaşmak islediler.

Iki toparyň hem derwezä tarap göni urgularynyň sany deň boldy, rostowlylar on, krasnodarlylar on bir urgyny ýerine ýetirdiler. Duşuşygyň tamamlanmagyna birnäçe minut galanda “Rostowyň” hüjümçisi Aleksandr Buharowyň urgusyny derwezäniň sütüni yzyna gaýtardy. Umuman, şeýle ýagdaý üç gezek gaýtalanyp, toparlara tapawutlanmak üçin şowlulyk ýetmedi.

Duşuşykdan soň, “Rostowyň” baş tälimçisi Gurban Berdiýew gazanylan deňligiň kanunalaýyk netijedigini belledi.

—Janköýerler üçin gyzykly oýun boldy — diýip, G.Berdiýew aýtdy. — Bize-de, “Krasnodara-da” tapawutlanmaga pursatlar boldy. Biziň üçin Ýewropa ligasynyň derejesindäki topar bilen oýnamak, öz güýjümizi barlap görmek gyzyklydy. Taktiki ýalňyşlyklaram boldy, biz has ýiti hem oýnap biljekdik, ýöne bolşy ýaly boldy. Oýun üçin utanmasa boljak. Täze gelen oýunçylarmy? Olar, gürrüňsiz, topary güýçlendirer diýip tama edýäris. Häzir Noboa hem topara goşular, ol biziň bilen türgenleşdi, ýöne heniz oýnanok.

“Rostowyň” çempionatda bassyr üçünji duşuşygynda ýeňilmeýändigini hem bularyň üstüne goşmak gerek.

“Rostow” 10-njy awgustda geçiriljek indiki tapgyrda Kazanyň “Rubini” bilen duşuşar. Bu topar Gurban Berdiýewiň ýolbaşçylygynda iki gezek Russiýanyň çempiony (2008, 2009), şonça gezek hem bürünç medalynyň (2003, 2010), Russiýanyň Kubogynyň (2011/12) eýesi, şeýle hem Ýewropa ligasynyň çärýek finalçysy bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň