Salgyt gullugynyň täze binasy Daşogzuň günorta-günbatar bölegine bezeg berer

10:3804.08.2015
0
5598

Daşogzuň welaýat we şäher salgyt gulluklarynyň üç gatly täze edara binasyny ulanyşa tabşyrmaga taýýarlanylýar. Täze desga Daşogzuň günorta-günbatar bölegine bezeg berer. Bu ýerde soňky bäş ýylda 10 müň tomaşaçy orunlyk stadiony bolan sport toplumy, Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binalary, welaýat gümrükhanasynyň üç gatly binasy, häzirki zaman ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar guruldy.

“Daşoguznebitgazgurluşyk” trestiniň 4-nji gurluşyk-gurnama edarasy tarapyndan gurulýan täze bina maslahatlar zalyndan häzirki zaman kompýuter tehnikasy we mebeller bilen üpjün edilen otaglardan ybaratdyr. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak boýunça hem işler dowam etdirilýär. Bu ýerde pürli agaç nahallary oturdylar we güller ekiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň