Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi we balyk tutmak bilen meşgullandy

22:2031.07.2015
0
7867

Balkan welaýatynda gysga wagtlyk dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.

...Soňra döwlet Baştutany "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda   Hazaryň kenarynda balyk tutmak bilen meşgullandy. Mälim bolşy ýaly,  bu ýerde balyklaryň dürli görnüşleriniň bolmagy ösümliklere we balyklara baý bolan Hazaryň türkmen kenarynyň ekologiýa arassalygy bilen şertlendirilendir.

Türkmenistanyň Prezidenti balyk tutmagy tamamlap, Hazaryň ekologiýa gurşawyny hemişe gözegçilikde saklamak, bu künjegiň amatlylygyny ýokarlandyrmak meselelerine üns bermegiň zerurdygyny belledi. Çünki bu ýerler ekologiýa syýahatçylygy üçin aýratyn gyzyklanma döredýär, tebigatyň ýaşaýjylarynyň durmuşyna gözegçilik edilmegi häzir bütin dünýäde onuň meşhur ugurlarynyň birine öwrülýär. Awaza bolsa dünýäniň ähli künjeklerinden syýahatçylary, jahankeşdeleri we täsin täsirleriň muşdaklaryny çagyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň