Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

21:5311.04.2023
0
36389
Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýandygy, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň geçirilýändigi, gowaça ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak üçin zerur çäreleriň görülýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilýändigi barada aýdyldy.

Ýazlyk ýeralma, sogan hem-de beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň dowam edýändigi, şeýle hem ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edilýändigi barada hem habar berildi.

Şeýle hem häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Döwlet Baştutany gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmegini hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň bellenen möhletlerde tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedow Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda gowaça ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýar. Gallaçy daýhanlar tarapyndan bugdaýa ideg işleri, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlaryň, zyýankeşleriň öňüni almak boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle-de wise-premýer ilaty ýurduň özünde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurduň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bugdaýa edilýän ideg işleriniň depginleriniň ýokarlandyrylmagy, hususan-da, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň