Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow bilen söhbetdeşlik

09:5730.07.2015
0
11433

«SPORTDA-DA, HARBY GULLUKDA-DA MAKSAT — WATANYŇ ŞANYNA ŞAN GOŞMAK»

«Wahyt Orazsähedow Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi goşun sport klubyna harby gulluga gelipdir» diýen habary eşiden dessimize Russiýa, Ukraina, Türkiýe, Moldowa ýaly döwletleriň futbol çempionatlarynda çykyş edip, Türkmenistanyň olimpiýa ýygyndysynyň düzüminde hem iňňän gowy oýun görkezen 23 ýaşly futbolçy bilen duşuşmaga, onuň bilen harby gulluk hem-de futbol bilen bagly iki agyz söhbet etmäge gitdik. Ýöne futbolyň janköýeri bolsaň, futbolçy bilen gürrüňiň iki agzyň çygryna sygmaz eken. Biz Wahyt bilen bir sagat dagy gürrüňleşip oturypdyrys. Şol söhbetdeşligi, mümkin boldugyndan, şu ýazgylarymyza hem siňdirmäge çalyşdyk.

Söhbetdeşlige geçmezden ozal, ýaş futbolçy bilen has ýakyndan tanyş bolalyň! Has takygy, onuň terjimehalyny gysgaça yzarlalyň! Çünki biziň söhbetdeşligimiz hem onuň  futbol bilen bagly ýyllary hakynda boldy.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň hüjümçisi Wahyt Orazsähedow 1992-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babaarap obasynda doguldy. Futbola 2005-nji ýylda Abadan etrabyndaky bir toparyň çagalar düzüminde başlan Wahyt paýtagtymyzyň şol wagtky  «Köpetdag», «Nisa» toparlarynyň kiçi ýaşlylar düzümlerinde dowam etdirýär. Basym hem ony ukrainaly futbol hünärmenleri synaga çagyrýar. Synagdan üstünlikli geçen Wahyt 2005-nji ýyldan 2007-nji ýyla çenli Ukrainanyň DÝSŞ — 15 futbol toparynyň köýnekçesini geýýär. 2008 — 2012-nji ýyllarda bolsa ol Russiýa Federasiýasynyň «Rubin» futbol toparynyň ikinji düzüminde çykyş edýär. Futbolçy «Rubinden» başga-da dürli ýyllarda Russiýanyň «Nefthimik», Moldowanyň «Daçiýa», Türkiýäniň «Osmanlyspor» we Russiýanyň «Rostow» toparlarynda çykyş etdi.

—  Wahyt, ilki bilen sizi Watan öňündäki mukaddes harby gullugyňyza gelmegiňiz bilen gutlaýarys.

— Sag boluň!

— Tüweleme, siziň maşgalaňyzda kakaňyzyň göreldesi bilen ykbalyny sporta baglanlaryňyz kän. Kakaňyz Sähetmyrat Orazsähedow belli pälwan, agalaryňyzyň biri bolsa «Köpetdag» toparynda futbol oýnapdyr. Seniň sporta gelmegiňe şolaryň täsiri bolan gerek.

— Gürrüňsiz. Ýöne men sport bilen meşgullanmagy futboldan däl-de, karateden başlapdym. Uly doganlarymyň yzyna düşüp, iki-üç aý karate sportuna gatnadymam-da, soň özümden karateçi çykmajagyna düşünip, goýbolsun etdim.

— Näme üçin?

— Sebäbi — futbol özüne çekdi. Şonuň üçin hem alty ýaşymda agalarym meni Abadan etrabyndaky bir futbol toparynyň çagalar düzümine ýazdyrdylar. Ine, şol toparda-da meniň futbol bilen bagly ýyllarym başlady. Onsoňam, ilkinji çykyş eden toparymy hemişe ýakym bilen ýatlaýaryn. Hut şol toparyň düzüminde Aşgabat şäherinde geçirilen bir ýaryşda «Iň netijeli oýunçy» diýen ada mynasyp bolupdym.

— Hakykatdan-da, şeýle ýaryşlardaky üstünlikler futbolçynyň has uly toparlarda çykyş etmegine sebäp bolýar. Hut şeýle ýagdaý sizde-de bolupdyr.

— Dogry, şol ýaryşdan soň meni paýtagtymyzdaky sport mekdebiniň düzümine çagyrdylar. Şol sanda şol wagtky «Nisa», «Köpetdag» ýaly toparlaryň hem türgenleşiklerine gatnaşdym.

— Siziň daşary ýurt futboly bilen bagly ýyllaryňyz gözbaşyny 2006-njy ýyldan, Ukrainanyň DÝSŞ-15 toparyndan alyp gaýdýar. Futboly daşary ýurtda dowam etmegiňize sebäp bolan ýagdaý näme?

— Entek bary-ýogy 14 ýaşly ýetginjekkäň daşary ýurtly hünärmenleriň nazaryna ilmek kyn. Ýöne ukrain futbolynda hünärmen bolup işleýän bir tanşymyz bir gün maňa-da çakylyk iberipdir. Synagy tälimçileriň isleglerine görä tabşyrandyryn-da, meni derhal DÝSŞ-15 toparyna kabul etdiler. Şeýdibem men daşary ýurtda futbol oýnap başladym.

— Ukrainada futbol oýnan ýyllaryňyz barada nämeleri aýdyp bilersiňiz?

— Tejribeli tälimçilerimiz we agzybir toparymyz bardy. Bu toparda çykyş eden bir möwsümimiň dowamynda köp zat öwrendim. Topardaşlarym bilen çalt düşünişdim, bu bolsa maňa hüjümçi hökmünde her duşuşykda diýen ýaly tapawutlanmaga kömek etdi.

— Ine, hut şol ýerdäki oýnuňyz hem şol wagt Russiýanyň «Rubin» toparyna tälim berýän türkmen hünärmeni Gurban Berdiýewiň gözüne ilipdir. Şeýle dälmi?

— Şeýle bolmaly. Maňa 2007-nji ýylyň güýzünde «Rubinden» teklip geldi. Noýabr aýynda toparyň ikinji düzümine goşuldym we 2008-nji ýylda duşuşyklara doly gatnaşyp başladym. Indi görüp otursam, şol wagt Russiýa Federasiýasynyň Premýer liganyň ikinji düzümlerinde ýaşy iň kiçi futbolçylaryň biri men ekenim. Şol wagt 16 ýaşym bardy.

— Ýalňyşmasak, Russiýada toparlaryň ikinji düzümleriniň arasynda hem ýaryş dowam edýän bolmaly.

— Hawa, esasy düzüm haýsy topar bilen duşuşýan bolsa, şondan bir gün öň toparlaryň ikinji düzümleriniň arasynda duşuşyk geçirilýär. Mahlasy, ikinji düzüm toparlaryň hem Premýer liga bilen ugurdaş gidýän öz çempionaty bar. Möwsüm tamamlanansoň, olaryň arasynda hem ýeňijiler yglan edilýär. Şol ýyllarda (2008 — 2012-nji ýyllar) «Rubiniň» esasy düzümi Russiýanyň çempionatynda şowly çykyş etdi. Şonuň bilen birlikde ikinji düzümiň hem üstünlikli oýunlary görkezendigini bellemek gerek. Maňa bu ýerde çykyş eden ilkinji möwsümimde 24 duşuşykda 7 gezek tapawutlanmak başartdy.

  — Aslynda tejribeli türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew «Rubiniň» baş tälimçisi bolan ýyllarynda türkmenistanly zehinli futbolçylaryň birnäçesiniň öz ukyp-başarnyklaryny halkara derejesinde açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi. Şolaryň birisem siz. Sizden başga-da şu wagt paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynda çykyş edýän Selim Nurmyradowyň ýa-da Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi, eýranly türkmen Serdar Azmunyň hem Gurban Berdiýewden tälim alandygyny bilýäris.

  — Hawa, tejribeli tälimçiniň halypalyk sapaklary biziň futbolda kämilleşmegimize iňňän gowy ýardam etdi. Selim Nurmyradow birnäçe ýyllap Kazanyň sport mekdebinde tälim aldy we futbol oýnady. Eýranly türkmen Serdar Azmun «Rubiniň» düzümine 2012-nji ýylda goşuldy. Bulardan başga-da Serdar Ýolamanow diýip Russiýada ýaşap ýören türkmen futbolçysy hem bardy. Esasy zat, biz rus hem-de dünýäniň beýleki döwletlerinden gelen topardaşlarymyz bilen düşünşip, gowy oýunlary orta goýmagy başardyk diýip düşünýärin. Ýene bir bellemeli zat bar bolsa, ol hem ýerli oýunçylaryň türkmen futbolçylarynyň ýadamany-ýaltanmany bilmeýänligine haýran galandygydyr. Eger topar günüň dowamynda bir gezek türgenleşik geçen bolsa, biziň iki gezek geçýän wagtymyz kän bolýardy.

  — Internet maglumatlarynda siziň «Rubiniň» esasy düzümindäki oýunlaryňyz barada hem maglumatlar bar. Şol oýunlar barada öz diliňizden hem eşitmek has ýakymly.

  — «Rubiniň» esasy düzümi bilen ilkinji oýnuma çykanymda entek 20 hem ýaşamandym. Topar bilen ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda Russiýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň 1/16 finalynda Twer şäheriniň «Wolga» toparyna garşy oýnadym. Şondan üç ýyl soňra bolsa Premýer ligadaky ilkinji duşuşygyma çykdym.

Ýöne topar türgenleşik ýygynlarynda geçirilýän ýoldaşlyk duşuşyklarynda meýdana has köp çykýardym. Bir gezek Ispaniýada türgenleşikdekäk, «Marbela Kamp» atly çaklaňja ýaryş geçirildi. Oňa şol türgenleşikdäki toparlar gatnaşdy. Ispaniýadan, Gruziýadan, Eýrandan we beýleki birnäçe döwletlerden gelen toparlaryň arasynda geçirilen ýaryşdan «Rubiniň» düzüminde üç oýna çykyp, iki gezek derwezä pökgi geçirmegi başardym.

— «Rubindekäňiz» «Nefthimikde» kärendede, soňra bolsa Moldawiýanyň «Daçiýa» toparynda-da futbol oýnadyňyz. Elbetde, dürli toparlary, dürli oýun taktikalaryny görmek tejribäňize-de täsir edendir-le!

— Elbetde, bu toparlaryň ikisi hem meniň üçin tejribe mekdebi boldy. Russiýanyň «Nefthimiginiň» düzüminde möwsüme şowly başlap, eýýäm awgust aýynda Belgorodyň «Salýut» toparynyň derwezesine girizmek başardypdy. Umuman, «Nefthimik» bilen 27 oýun geçirip, 3 gezek tapawutlanyp bildim.

«Daçiýada» bolsa «Rubinden» gaýdanymdan soň çykyş etdim. Gysga wagtlyk hem bolsa Moldawiýanyň futbol ligasynda çykyş eden ilkinji türkmen futbolçysy bolmak meniň üçin ýakymlydy. Topara 2014-nji ýylyň mart aýynda geldim, möwsüm tamamlanyp barýardy. Şonuň üçin topar bilen diňe bir duşuşyga çykmak mümkinçiligini aldym. «Daçiýada» diňe şol möwsümiň ahyryna çenli çykyş etdim.

— Siziň futbol oýnan toparlaryňyzyň arasynda iň şowly çykyş edeniňiz Türkiýäniň «Osmanlyspor» topary bolsa gerek. Sebäbi siz bu toparda ýarym möwsüm çykyş edendigiňize garamazdan, tas her oýunda bir gezek tapawutlanmagy başardyňyz.

— Ýalňyşmasam, 16 oýunda 12 pökgi geçiripdim öýdýärin.

— Şeýle gowy we netijeli möwsümi näme üçin ýarysynda goýbolsun etdiňiz? Şol wagt «Osmanlyspor» Türkiýäniň Birinji ligasynda çykyş edýärdi. Bu ýyl bolsa topar Super ligada çykyş etmäge hukuk gazandy. Diýjek bolýanym, şol ýerde oýnuňyzy dowam etdiren bolsaňyz, möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmaga-da, topar bilen şu ýyly Ýewropanyň iň gowy çempionatlarynyň biri hasaplanylýan Türkiýäniň Super ligasynda çykyş etmäge-de hukuk gazanjak ekeniňiz.

— Indi, siz aýdyň. Bir tälimçi hiç ýerde tanalmaýan, tejribesi hem o diýen öwerlikli bolmadyk oglanjygy aldy-da, ondan dürli ýurtlaryň çempionatlarynda çykyş edip biljek futbolçy taýynlady. Bir günem siz halypaňyza irde-giçde ýene bile işleşjekdigiňize söz berdiňiz we şol sözüňizde durmaly günüňiz gelip ýetdi. Siziň üçin esasy zat näme bolardy? Şowly dowam edýän möwsümmi ýa halypa berlen söz? Men Gurban Berdiýew «Rubiniň» baş tälimçiliginden boşadylanda halypa mundan soň haýsy topara baş tälimçi bellense, şol topara geçmäge söz beripdim. Görşüňiz ýaly, geçen möwsümiň ikinji ýarymynda Gurban Berdiýewe Russiýanyň çempionatynda şowsuz çykyş edýän «Rostow» toparyny (şol wagt «Rostow» ýaryş sanawynda iň soňky orundady) ligada alyp galmak ýaly belent wezipe ynanyldy. Şonuň üçin hem tälimçä şu wagt juda zerurdygyny bilýärdim we onuň ýanyna — «Rostowa» geçmek kararyna geldim. Şeýdibem, «Rostow» bilen ýarym möwsümlik şertnama baglaşdym.

— Ýogsa-da, futboluň Russiýada oýnalyşy bilen Türkiýede oýnalyşynyň arasynda nähili tapawut bar?

— Ikisem şol bir oýun, ýöne Russiýada ýapyk futbol oýnalýar. Bu diýýänim, oýunçylar biri-birine ýakyn durup, esasan, golaý aralykdan pökgini alşyp, öňe gitmäge ýykgyn edýärler. Türkiýede bolsa meýdandaky oýunçylaryň arasy biri-birinden uzakda. Bu ýerde pökgini uzak aralykdan alşyp, tiz hüjüm bilen bilen öňe gidip oýnamak ýörgünli. Şunda bolsa merkezi hüjümçiniň üstüne uly paý düşýär. Belki şu-da meniň köp tapawutlanyp bilmegime ýardam eden bolsa gerek.

— Siziň pikiriňizçe, haýsy has zerur?

— Açyk oýunda duşuşyk gyzykly gidýär we janköýerler oýundan lezzet alýar. Ýöne netije aljak bolsaň, taktikaly ýapyk oýun gerekmikä diýýärin. Ýadyňyzda bolsa, «Rubin» Gurban Berdiýewiň tälimçilik edýän ýyllarynda dünýäniň iň güýçli kluplarynyň birini — «Barselonany» ýeňipdi. Şol ýeňşiň sebäpkäri berk usul (taktika) diýip düşünýärin.

— Munça bolanyna görä, «Rostowyň» düzümindäki oýnuňyz hakynda-da iki agyz gürrüň edäýeliň!

— Şowly diýib-ä bolmaz. Sebäbi täze toparym bilen entek bir oýna hem çykmankam, türgenleşikde şikes aldym we Germaniýa bejergi üçin gitmäge mejbur boldum. Ýöne «Rostowyň» düzüminde birnäçe oýna gatnaşmaga ýetişdim.

— Ynha, indem Merkezi goşun sport klubynda harby gullugyňyzy berjaý edýärsiňiz. Niçik, harby gulluk bilen öwrenişýärsiňizmi? Harby kasam kabul edeniňize-de ýaňy bir hepde bolupdyr.

— Men örän bagtly. Birinjiden, eziz Watanymyzyň öňündäki mukaddes ogullyk borjumy berjaý edýärin. Ikinjiden, men harby gullukda-da sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik aldym. Üçünjiden bolsa, bu ýerdäki ýoldaşlarymyň ählisi hem sportuň perzentleri. Olar bilen tanyşmak, dostlaşmak meniň üçin diýseň ýakymly. Olaryň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýurdumyzyň çempionlary hem, halkara ýaryşlaryň ýeňijileri hem bar. Biz bir maşgalanyň ogullary ýaly agzybirlik bilen gulluk edýäris. Birimiz gazanan ýeňşimiz – hemmämiziň şatlygymyz. Birimiziň abraýymyz — ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň abraýy. Biz muňa örän gowy düşünýäris we harby gulluk ýyllarymyzda-da sportdaky üstünliklerimizi dowam etdirmek üçin elimizden gelenini edýäris. Munuň üçin klubymyzda ähli mümkinçilikler göz öňünde tutulan.

— Klubyň futbol topary Milli çempionatymyzyň Birinji ligasynda çykyş edýär. Bu ýerdäki oglanlaryň futboly barada nämeleri aýdyp biljek?

— Gaty gowy. Häzir Birinji ligada birinji aýlawyň oýunlary tamamlanyp, biraz arakesme berildi. Ýöne harby gulluga geläýen günlerimde toparyň oýunlarynyň birnäçesine tomaşa etmek nesip etdi. Oglanlar ýeňiş üçin ellerinde baryny edýärler. Topar Birinji ligadaky hiç bir topardan hem ejiz däl. Hatda toparyň düzüminde öň Ýokary ligada çykyş eden oglanlar hem bar. Hut häzirki günlerde bolsa her gün irden futbol toparymyz bilen birnäçe sagatlyk türgenleşik geçýäris. Bu özüm üçin hem peýdaly.

— Özüňiz harby gullukda futboly haýsy toparda dowam etdirmek isleýärsiňiz.

— Nesip bolsa, Ýokary liganyň üçünji aýlawyndan başlap, «Aşgabat» toparynyň düzüminde çykyş edermikäm diýýärin. Çünki toparyň hem-de milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Amangylyç Goçumow meniň ilkinji halypalarymyň biri. Men ondan «Nisa» bilen türgenleşik geçýärkäm tälim alypdym we edil Gurban Berdiýewe söz berşim ýaly, iru-giç Türkmenistana gaýdyp gelsem, Amangylyç aga-da toparynda çykyş etjekdigime söz beripdim. Galyberse-de toparyň tälimçiler düzümini we oýunçylarynyň aglabasyny öňden bäri gowy tanaýaryn. Oglanlar bilen agzybirlikde gowy oýunlary geçirip bileris diýip umyt edýärin. Bu dogrusynda A.Goçumow bilen hem gürleşdik. Tälimçi häzir topara hüjümçiniň zerurdygyny aýtdy.  Serkerdelerim hem muňa garşy bolup durmadylar.

— Onda üstünlik arzuw edýärin! Nesip bolsa, «Aşgabadyň» düzüminde gowy oýunlaryňa şaýat bolarys diýip tama edýäris.

— Nesip bolsa.

— Şu günler türkmen futboly hakynda gürrüň açylsa, ilki bilen, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä we Aziýa çempionatlarynyň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna hem degilýär. Biziň bilşimize görä, siz 3-nji sentýabrda Omanyň milli ýygyndysy bilen boljak duşuşygyň düzümine alnypsyňyz. Bu ýaryşda milli ýygyndymyzyň mümkinçilikleri hakyndaky pikiriňiz.

— Türkmenistanyň milli ýygyndysynda juda tejribeli futbolçylar bar. Ýygyndymyzyň ýeňiş üçin yhlasy bolsa ýokary derejede. Biz muny iýul aýynda Eýranyň ýygyndysy bilen bolan duşuşykda hem gördük. Şeýle okgunly oýnumyzy Oman bilen boljak duşuşykda hem gaýtalajakdygymyza ynanýarys. Toparçada Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňdäki orunlara düşmäge mümkinçiligi bar. Bir hakykat bar — nirede, haýsy toparda, haýsy döwletiň çempionatynda çykyş edýändigimize garamazdan, biz şu topragyň perzendi. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň futbol abraýy üçin göreşmek hemmämiziň ogullyk borjumyzdyr.

— Rast aýdýarsyňyz. Nesip bolsa, futbolçylarymyzyň bizi ýene ýeňiş bilen begendirjekdigine ynanýarys. Şu ýerde siziň harby gullukdan soňky maksatlaryňyz hakda-da bilmek gyzykly.

— Ýewropa futboly bilen baglanyşykly ýolumy dowam etdirmek isleýärin. Dünýä belli çempionatlarda çykyş etmek her bir futbolçynyň arzuwy. Meniňem gidip bilen belentligime çenli gidesim, Watanymyzyň, halkymyzyň, türkmen sportunyň şanyny has-da ýokary galdyrmaga goşant goşasym gelýär.

— Maksadyňyz myrat tapsyn! Gyzykly gürrüňdeşlik üçin sag boluň! Harby gullugy abraý bilen berjaý edip, sport äleminde ýeneki üstünliklere ulaşmagyňyzy arzuw edýäris!

— Sag boluň!

Söhbetdeş bolan

Agageldi ITALMAZOW

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň