Türkmen suwda ýüzüjileri sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Kazana ugradylar

18:1129.07.2015
0
15222

Suratda: 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde XVII tomusky Aziýa oýunlarynyň finalçysy Merdan Ataýew (çepde) öz tälimçisi Sergeý Ýepifanow bilen.

Düzüminde dört suwda ýüzüji we bir tälimçi bolan Türkmenistanyň topary şu günler Kazanda geçýän sportuň suwdaky görnüşleri boýunça 16-njy dünýä çempionatyna ugrady. Bu iri halkara ýaryşy 1973-nji ýyldan bäri FINA Halkara federasiýasy tarapyndan geçirilip, suwda ýüzmegi (howdanda we açyk suwda), suwa bökmegi, haý-daýwingi (2013-nji ýyldan bäri), suwda pökgi oýnamagy we utgaşykly ýüzüşi öz içine alýar. 1978 — 1998-nji ýyllar aralygynda çempionatlar dört ýyldan bir gezek, tomusky Olimpiýa oýunlarynyň arasyndaky jübüt sanly ýyllarda geçirildi. 2001-nji ýyldan bäri sportuň suwdaky görnüşleri boýunça dünýä çempionatlary iki ýyldan bir gezek (täk sanly ýyllarda) geçirilip gelinýär.

Dünýä çempionatynda suwda ýüzmek bäsleşikleri (howdanda) 2-nji awgustda başlanyp, olarda 42 medal ugrunda göreş alnyp barlar. Şol günüň ertesi türkmen toparyndan ilkinji bolup 20 ýaşly Merdan Ataýew 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde ýaryşa goşular. 5 günden soň bolsa ol suwda ýüzmegiň şu usulynda 50 metr aralykda bäsleşer.

3-nji awgustda Türkmenistanyň toparyndan iň ýaş türgene — 13 ýaşly Daşa Semýonowa dünýä çempionatyndaky ilkinji çykyş garaşýar. Tälimçiler Ýekaterina Menžulina bilen Hojamämmet Hojamämmedowyň şägirdi şol gün brass usulynda 100 metr aralyga ýüzer, 8-nji awgustda bolsa 50 metr aralykda güýjüni synar.

Türkmenistanyň toparynyň galan 2 türgeni — Walentin Gorşkow we Merjen Saryýewa 50 we 100 metr aralyklara erkin usulda ýüzerler.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň aýtmagyna görä, dünýä çempionatynda her türgenimiziň öňünde öz şahsy netijesini gowulandyrmak wezipesi durýar. Şunlukda, M. Ataýew bilen M. Saryýewanyň üstüne aýratyn jogapkärçilik düşýär, olar 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda (Braziliýa) geçiriljek XXXI tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin yhlas baryny etmeli bolarlar.

23-nji awgustda 18 ýaşan Merjen geçen ýyl Nankinde (Hytaý) bolan ýetginjekleriň arasyndaky ikinji Olimpiýa oýunlarynda batterflaý usulynda 50 metr aralygy 31,49 sekuntda geçip, öz şahsy netijesini 0,8 sekunt gowulady we sport ussatlygyna dalaşgäriň kadasyny doldurdy. Şol günüň ertesi bolsa 50 metr aralykdaky deslapky ýüzüşlerde (erkin usul) ol öňdäki orny eýeläp, öz iň gowy netijesini (29,50 sekunt) gaýtalady. Ýedi deslapky ýüzüşleriň netijesinde türkmen türgeni 9 garşydaşyny öňürtmegi başardy.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Merdan Ataýewiň Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen XVII tomusky Aziýa oýunlaryndaky ajaýyp çykyşy 2014-nji ýylyň hakyky açyşyna öwrüldi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň halkara ýaryşlaryna ikinji gezek gatnaşýan şägirdi 100 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde deslapky ýüzüşleriň netijeleri boýunça türkmen sportunyň taryhynda ilkinji gezek yklym Oýunlarynyň finalyna çykdy we hormatly ýedinji orny eýeledi. Mundan başga-da, Merdan Ataýew Aziýada — 2014-de 50 we 100 metr aralyklara arkanlygyna ýüzmekde otuz ýyl töweregi saklanyp gelen milli rekordlaryň ikisini täzeledi. Olar indi 50 metrde 26,31 sekunda, 100 metrde bolsa 56,63 sekunda deňdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň