Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününiň dabaralaryna gatnaşdy

22:0207.04.2023
0
46353
Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk gününiň dabaralaryna gatnaşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Arkadag şäherinde-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi, olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Baýramçylyk dabaralaryna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Arkadag şäherindäki Akhan atly bedewiň heýkeliniň ýanyndaky meýdança geldi.

Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýygnananlary ähli ýerde giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlap, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginiň ähmiýetini belledi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Akhan şaýolunyň ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berip, oňa gatnaşyjylaryň öňüni çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň göreldesine eýerip, köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Döwlet baýdagynyň sütüni dikeldilen meýdançanyň daşyndan aýlanyp, Arkadag şäheriniň köçeleri boýunça ýoly dowam etdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri welosipedli ýörişiň dowamynda şäheriň ähli künjekleriniň arassaçylyk we abadançylyk derejesiniň ýokary ekologik ýagdaýynyň, şäher ilaty üçin amatly şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyna ünsi çekdi hem-de Arkadag şäheriniň häkimine birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Welosipedli ýörişiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ýanynda saklandy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Prezidentiniň orunbasary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň iş dolandyryjysy hem-de Merkeziň baş direktory bilen gürrüňdeş bolup, toplumyň çäginiň arassaçylyk derejesine zerur üns berilmelidigini belledi.

Merkeziň häzirki zamanyň ösen tejribesi we ylmyň gazananlary esasynda enjamlaşdyrylandygyny, onda ýokary derejeli lukmançylyk hyzmatlaryny ýola goýmak ugrunda zerur şertleriň döredilendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Merkeziň ýanynda lukmançylyk işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy teklip etdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy toplumyň çäginden çykyp, Merkeziň işgärleri üçin niýetlenen binalarda ýerleşdirilen ýazgylara ünsi çekdi.

— Olaryň hemmesi göze gelüwli, many-mazmunly bolmalydyr — diýip, degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berdi.

Lukmanlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň ýanyndaky ugurdaş desgalary, dürli dessur çärelerini geçirmek üçin gurlan binany, sport we çagalar üçin meýdançalary synlap, türkmen halkynyň Milli Lideri abadanlaşdyryş işleriniň häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelmelidigini belledi hem-de olary enjamlaşdyrmak babatynda bellikleri aýtdy we bu ugurda birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşaýyş jaýynyň bir öýüne baryp gördi hem-de onuň otaglarynyň ýerleşdirilişi, giňligi, üçekleriniň beýikligi bilen tanyşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň