Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady kibernetika” hünäri açyldy

23:0227.07.2015
0
11752

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärleriň 8-sini, şol sanda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Ykdysady kibernetika” hünärini açmak hakynda Karara gol çekdi.

Bu hünär boýunça işgärleri taýýarlamak barada milli Liderimiziň başlangyjy döwlet ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçe pikirlenýän ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça anyk wezipeler bilen kesgitlenip, olar öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp we dünýäniň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryny ornaşdyryp täze şertlerde işlemäge ukyply hünärmenler bolmalydyr.  

“Ykdysady kibernetika” ugruny girizmegiň maksadalaýyklygy ozaly bilen häzirki şertlerde ykdysadyýeti, önümçilik işini dolandyryş babatda kibernetikanyň gazananlaryny netijeli ulanmagyň uly üstünlikleri üpjün edýändigi bilen şertlendirilendir. Galyberse-de, täze hünäriň açylmagy maglumat-kompýuter dolandyryş ulgamlarynyň ulanylmagy we ykdysady işleriň seljermesi babatda ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň zerurlygy bilen şertlendirilendir.

Ykdysady kibernetika—bu üç ugruň: ykdysadyýetiň, matematikanyň we informatikanyň ýygnamydyr. Hünärmen-kibernetik ykdysady işleriň seljermesini we çaklamasyny maglumat tehnologiýalarynyň we  matematiki nusgalaryň esasynda geçirýär. Şeýlelikde, matematika we informatika möhüm gurallar hökmünde çykyş edýär, olaryň kömegi bilen öňde goýlan maksada—ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşiniň, halkyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň döwrebap nusgasyny  döretmegi üpjün etmek maksadyna ýetilýär.

Ykdysady kibernetika ylmy tehniki-ösüşiň beýleki ugurlary bilen  özara gatnaşykda bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şeýle hem onuň esasy ugurlarynyň netijeli işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Häzirki döwrüň şertlerinde bu ugurda hünärmenler ençeme pudaklaryň işinde zerur bolup durýar. Şol pudaklarda dolandyryş-maliýe häsiýetli çözgütleriň kompýuter goldawy giňden ulanylýar.

Ykdysady kibernetika boýunça hünärmenleri taýýarlamak matematika we ykdysady bilimiň kompýuter-maglumat usullaryny we tehnologiýalaryny düýpli öwrenmek bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň hünärmenleri täze maglumat tehnologiýalaryny peýdalanmak bilen  ykdysady ýagdaýlary seljermegiň we çaklamagyň döwrebap matematika usullaryna eýe bolmalydyr, ýkdysady desgalaryny kompýuterleşdirmek boýunça işleri guramagy başlamalydyr.

“Ykdysady kibernetika” hünäri boýunça sapak beriljek talyplar makro we mikro ykdysadyýet  buhgalter hasaby, maliýe serişdelerini dolandyryş, menejment we marketing, şeýle hem beýleki guramaçylyk-ykdysady sapaklar boýunça  okuwlaryň netijeli kabul edilmegine üpjün edýän  binýatlyk taýýarlygyna eýe bolarlar. Ykdysady— matematik usullaryna hünär taýdan eýe bolmak endikleri ýaş hünärmenlere önümçilik-hojalyk, maliýe, söwda işleriniň dürli ugurlarynda çözgütleri işläp taýýarlamaga we kabul etmäge zerur bolan goşandy goşmaga mümkinçilik berer.

Umuman, täze “ Ykdysady kibernetika” hünäriniň girizilmegi—bu ýokary hünärli işgärleri— täze döwrüň hünärmenlerini taýýarlamak işinde nobatdaky uly ädim bolup, olaryň öňünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze pikirlerini üstünlikli durmuşa geçirmek wezipesi durýar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň