Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen futbolçylary ýoldaşlyk duşuşyklarynda tejribe toplaýar

10:1427.07.2015
0
1656

Ozal hem habar berşimiz ýaly, futbol boýunça milli çempionatymyzyň ýokary ligasynda çykyş edýän «Altyn asyr», «Ahal», «Balkan» we «Merw» toparlary Türkiýe döwletinde okuw-türgenleşik işlerini geçýärler. Ildeşlerimiziň bu ýerde ilkinji geçiren ýoldaşlyk duşuşyklary barada hem habar beripdik. Bu çaklaňja habarymyzda bolsa, saýtymyzyň okyjylaryny ildeşlerimiziň soňky geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarynyň netijeleri bilen tanyşdyrmagy makul bildik.

Türkmen futbolçylarynyň ýoldaşlyk duşuşyklaryndaky garşydaşlary, esasan, ýer eýeleriniň (Türkiýäniň), Eýran Yslam Respublikasynyň we Saud Arabystanynyň çempionatlarynda çykyş edýän toparlar boldy.

Türkiýedäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygynda Eýranyň toparyndan uly hasap bilen ýeňlen «Altyn asyr» ikinji duşuşygy Türkiýäniň «Denizlispor» toparynyň futbolçylary bilen geçirdi. Duşuşygyň bütin dowamynda iki tarapdan hem ýiti hüjümleriň birnäçesi guralan hem bolsa, hasaby açyp, öňe saýlanmak toparlaryň hiç birine-de başartmady. Şeýlelikde, ýurdumyzyň soňky çempionynyň Türkiýedäki ikinji ýoldaşlyk duşuşygy 0:0 hasabynda tamamlandy.

«Balkan» topary bu ýerdäki ilkinji ýoldaşlyk duşuşygyny Eýranyň «Fulad» futbol topary bilen geçirdi. Eýranyň futbol çempionatynda ilkinji bäşlikdäki ornuny ynamly saklap gelýän güýçli garşydaşdan 0:3 hasabynda ýeňlen ildeşlerimiz üçin bu duşuşyk gowy tejribe boldy. Ildeşlerimiz düýn bolsa (26. 07. 2015 ý.) Türkiýäniň birinji ligasynyň wekili «Sakarýaspor» bilen duşuşyp, garşydaşlarynyň 4 goluna 2 gol bilen jogap bermegi başardylar. «Balkanyň» derwezä geçiren pökgülerini  toparyň düzümine ýaňy-ýakynda goşulan Aleksandr Bolian bilen goragçy Mekan Saparow öz adyna ýazdyrdy.

Türkiýäniň edil şu topary — «Sakarýaspor» bilen «Merw» hem ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Bu duşuşykda bolsa ildeşlerimiz şowly çykyş edip, garşydaşlaryny 1:0 hasabynda ýeňdiler. Duşuşykdaky ýeketäk goluň awtory — Jemşit Orazmuhammedow. Şu ýerde bir zada ünsüňizi çekmek isleýäris. Ýokary liganyň birinjiligi ugrundaky ýaryşyň yzda galan iki aýlawynda şowsuz çykyş edip, 8-nji orna çenli aşak düşen-de bolsa, Marynyň «Merw» topary Türkiýedäki ýoldaşlyk duşuşyklarynda barha tejribe toplaýandygyny subut edýär. Topar bu geçiren duşuşyklarynyň, eýýäm, ikinjisinde ýeňiş gazandy. Diýmek, toparyň janköýerleri Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda we milli çempionatymyzyň galan aýlawlarynda toparyň has şowly çykyşyna garaşyp bilerler.

«Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahalyna» ikinji ýoldaşlyk duşuşygynda hem şowlulyk ýar bolmady. Topar bu gezek Saud Arabystanynyň Al-Ittihad Jidda toparyndan 0:3 hasabynda asgyn geldiler.

Ýokary ligamyzda çykyş edýän beýleki toparlar okuw-türgenleşik işlerini ýurdumyzda alyp barýarlar. Olar hem öz aralarynda birnäçe ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirdiler. Şu ýylyň başynda döredilip, birinji ligada şowly çykyş edýän «Köpetdag» bilen ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan HTTU-nyň arasyndaky ýoldaşlyk duşuşygy 2:0 hasabynda talyplaryň peýdasyna tamamlandy. Tomusky arakesme döwründe düzümini güýçlendiren «Energetik» bolsa «Aşgabat» bilen bolan duşuşykda 2:5 hasabynda ýeňlen-de bolsa, HTTU bilen 1:1 hasabynda deňlik bilen oýnamagy başardy. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň