Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5003.04.2023
0
27547
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.

Häkimler welaýatlarda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Hasabatlarda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň alnyp barylýandygy, hususan-da, ekine ösüş suwuny tutmak we ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de haşal otlara, zyýan berijilere garşy göreş işleriniň geçirilýändigi, gowaça ekişiniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigi, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilýändigi barada aýdyldy.

Ýazlyk ýeralma, sogana hem-de beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy, şeýle hem pile öndürijilere ýüpek gurçuklary paýlanyp berlip, häzirki wagtda olara ideg işleriniň geçirilýändigi barada hem habar berildi.

Degişli hasabatlarda Balkan we Daşoguz welaýatlarynda pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülýändigi barada bellenildi.

Häkimler Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany gowaça ekişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilmeginiň hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň öz wagtynda alnyp barylmagynyň, şeýle hem pile öndürmek möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkimlere birnäçe anyk görkezmeleridir tabşyryklary berdi.

Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalarda we binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamak, şeýle hem Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welaýatlarda geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglylykda häkimlere anyk tabşyryklar berildi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, häzirki wagtda gowaça ekişi dowam etdirilýär, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Oba hojalyk toplumynyň alymlaryndan we tejribeli hünärmenlerinden düzülen toparlar welaýatlara yzygiderli iş saparlaryny amala aşyryp, oba hojalyk önümlerini öndürijilere degişli maslahatlary berýärler.

Şeýle-de wise-premýer ilaty ýurduň özünde öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyk önümleri bilen üpjün etmek hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygy, şeýle hem Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, ýerli howa şertlerine laýyklykda, pile öndürijilere ýüpek gurçugynyň paýlanyp berlendigi, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa degişli taýýarlyk işleriniň geçirilýändigi barada habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetdäki ähmiýetli ornuny belledi hem-de häzirki wagtda dowam edýän oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günler ýurduň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň