Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki atçylyk merkezlerine baryp gördi

16:2803.04.2023
0
45171

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. «Türkmenistan» gazetinde berilýän habara görä, Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýokary okuw mekdebiniň daşky bezeg aýratynlyklaryna, onuň ýazgylaryna ünsi çekip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň adynyň nalyň şekiliniň içinde ýerleşdirilmeginde özboluşly manynyň bardygyny belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Atçylyk ylmy-önümçilik merkezine geldi we merkeziň daşky bezeg aýratynlyklaryna ünsi çekip, onuň häzirki döwrüň ruhuna kybap derejede bolmalydygyny, merkeziň ýazgylarynyň göze gelüwliligine zerur üns berilmelidigini aýdyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň saparynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory dünýäniň dürli ýurtlarynda ýerleşýän ahalteke atçylyk toplumlarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, atşynaslarynyň Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy, Atçylyk ylmy-önümçilik merkezi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki bilen hyzmatdaşlyk etmäge, bu ugur boýunça ylmy işleri ýola goýmaga hem-de tejribe alyşmaga uly gyzyklanma bildirýändikleri we olaryň Türkmenistana gelip görmäge gyzyklanmalarynyň ýokarydygy barada habar berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek meselelerine jogapkärçilikli çemeleşmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň