Soňky habarlar

Arhiw

Tähran we Aşgabat nebitgaz ugrunda hyzmatdaşlygy giňeldýärler

12:4526.07.2015
0
2910

Eýranyň nebit ministriniň geňeşçisi Tagi Amanpur Tähran bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklarda diplomatik işjeňligiň soňky aýlarda düýpgöter ýokarlanandygyny aýtdy. EYR-iň prezidenti Hasan Ruhaniniň Aşgabada saparyndan soň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Hojamuhammedow Tähranda boldy.

Amanpur häzirki wagtda iki ýurduň iri gaz şertnamasyny amala aşyrýandygyny ýatlatdy, oňa laýyklykda, Eýran Türkmenistana bir günde 40 million kub metre çenli gaz iberip biler. Şunuň bilen bir wagtda gazy dürli harytlar we inžener-tehniki hyzmatlar bilen alyş-çalyş etmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, ýakynda Eýran Türkmenistana takmynan $ 30 milliard bahalandyrylýan teklipler toplumyny berdi. Onda Eýranyň kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanda täze elektrostansiýalary, nebithimiýa kärhanalarynyň nebitgazy täzeden işleýän zawodlary gurmagyň şertleri, şeýle hem dürli harytlary, enjamlary ibermek we ilkinji nobatda, nebitgaz we energetika ulgamlarynda inžener-tehniki hyzmatlaryny ýerine ýetirmek göz öňünde tutulýar.

www.vestikowkaza.ru

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň