Tatarystanyň Kazan şäherinde 12 ýaşdan kiçi oglanlaryň we gyzlaryň arasynda «Tatarystanyň geljegi» atly stol tennisi boýunça ýaryş başlady. Ýaryşyň duşuşyklary «Boks we stol tennisi merkezinde» geçirilýär.
Türkmenistan bu ýaryşa 6 türgen bilen gatnaşýar. Olaryň ikisi gyzlar, dördüsi oglanlardyr. Türkmenistanly tennisçilere iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär. Bu halkara ýaryş türkmenistanly ýetginjek türgenler üçin ukyplaryny görkezmek we halkara tejribesini baýlaşdyrmak üçin oňat mümkinçilikdir.
«Biz bu ýaryşa iň gowy türgenlerimizi saýlap aldyk. Olaryň ählisinden ýeňşe garaşýarys» diýip, Türkmenistanyň stol tennisi boýunça federasiýasynyň ýolbaşçysy Agamyrat Allanazarow «Mir24»-e gürrüň berdi.