Aşgabatda türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

07:5325.07.2015
0
3086

22-nji iýulda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşit Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça kömekçisiniň birinji orunbasary Riçard Hoglandy kabul etdi. Ol sebitiň ýurtlarynda bolmagynyň çäklerinde wekilçilikli wekiliýete ýolbaşçylyk edip Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň häzirki ýagdaýyny we gelejekki mümkinçiliklerini, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň