Aşgabatda bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi

07:2125.07.2015
0
2574

24-nji iýulda paýtagtda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine uzakmöhletleýin esasda guralýan özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, düýn Aşgabatda ikitaraplaýyn iş duşuşyklarynyň geçirilendigini, olaryň barşynda anyk pudaklarda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylandygyny bellemelidiris.

Mejlisiň barşynda söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegi we däp bolan işewür gatnaşyklary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Tatarystanyň esasy kompaniýalarynyň — “KamAZ” maşyngurluşyk kärhanasynyň, “Tatneft” we “Kazanskiý wertolýotnyý zawod” açyk paýdarlar jemgyýetleriniň we beýleki kärhanalarynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy mysal görkezmek bolar. Mälim bolşy ýaly, 2008-nji ýyldan bäri Aşgabatda “KamAZ-nyň” söwda we okuw-hyzmat ediş merkezi hereket edýär. Bütin dünýäde meşhur bu zawodyň awtoulag tehnikasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda netijeli işleýär. Bu tehnikalar ýurdumyzda özlerini iň gowy tarapdan görkezdi. Hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly ugry uçar gurluşygy bilen baglanyşyklydyr.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan senagat ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, degişli düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmaga, ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmaga hem-de ylym bilen baglanyşykly önümçilikleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn ykdysady özgertmeleri nazara almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar. Bu babatda ähli ulgamlarda, şol sanda maşyngurluşyk, nebit çykarmak, nebiti gaýtadan işlemek we nebitgazhimiýa ulgamlarynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikler bar.

Gurluşyk we gurluşyk serişdeleri senagaty, energetika, ulag, dokma pudagy, azyk senagaty, oba hojalygy, işewürlik we telekeçilik düzümleriniň ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Tatarystanyň bazarlarynda türkmen hem-de tatar önüm öndürijileriniň önümlerini mundan beýläk-de ilerletmek we olaryň görnüşlerini giňeltmek meselesi barada durlup geçildi.

Şeýle hem Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmaga çalyşýandygy tassyklanyldy.

Mejlise gatnaşyjylar gumanitar ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de höweslendirmegiň ähmiýetini nygtap, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Ylymlar akademiýalarynyň arasynda ýokary hünär bilimli we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň wajypdygyny bellediler. Saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy we tejribesi ulgamynda özara gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň geljegi uludygy nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygyň okgunly ösýändigi, iki doganlyk halkyň baý taryhy-medeni mirasyny wagyz etmekde oňyn netijeleriň gazanylýandygy aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda hem-de Tatarystan Respublikasynda guralýan halkara festiwallaryna we beýleki döredijilik forumyna gatnaşmagyň hasabyna däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň we giňeltmegiň wajypdygy bellenildi.

Mejlisiň gün tertibine şeýle hem sport ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi. Türkmenistanda we Tatarystanda bu ulgamy ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Türkmen-tatar iş toparynyň agzalary syýahatçylyk ulgamynda özara gatnaşyklar üçin oňat mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň we Tatarystanyň degişli düzümleriniň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň wajypdygyny nygtadylar.

Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmaga we degişli meseleleriň ählisi boýunça sazlaşykly çözgütleri tapmaga mümkinçilik berýän yzygiderli duşuşyklaryň we gepleşikleriň ähmiýetini nygtap, taraplaryň ähli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary has-da ösdürmäge taýýardygyny tassykladylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi. Onda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek we ägirt uly kuwwata eýe bolan doly möçberli gatnaşyklaryň geljegi babatda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň