Soňky habarlar

Arhiw

Italiýa şu günden sintetiki etiň satuwyny gadagan edýär

11:2501.04.2023
0
34812
Italiýa şu günden sintetiki etiň satuwyny gadagan edýär
Surat: hdblog.it

Italiýanyň hökümeti laboratoriýa şertlerinde öndürilýän azyk harytlarydyr mal iýmlerini peýdalanmaga gadaganlyk girizmek barada kanun taslamasyny goldady diýip, ANSA habarlar gullugyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

«Italiýa sintetiki azyga ýok diýýän dünýäde ilkinji ýurtdur» diýip, ýurduň Oba hojalyk ministrliginiň başlygy Françesko Lollobrijida habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle azyk önümleri adamyň saglygyna howp salýar we hili babatda-da pesdir. Ol italýan medeniýetine hem-de senagatyna zyýan ýetirýär.

Başlangyja laýyklykda, Italiýanyň senagatçylaryna oňurgaly haýwanlaryň öýjüklerinden ýa-da dokumalaryndan azyk harytlaryny öndürmek gadagan edilýär. Düzgüni bozanlara 10-dan 60 müň ýewro çenli jerime salnar. Mundan ötri önüm öndürijiler üç ýyllyk möhlet bilen döwletiň maliýeleşdirmesinden mahrum edilip bilner.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň