Soňky habarlar

Arhiw

Klint Istwud iň soňky filmini surata düşürmäge girişdi

09:2801.04.2023
0
28182
Klint Istwud iň soňky filmini surata düşürmäge girişdi
Surat: vesti.ru

Aktýor we režissýor Klint Istwud täze filmini surata düşürmäge girişdi, bu 92 ýaşly kinoçynyň iň ahyrky kino eseri bolar hem-de ol Golliwuddaky kärini tamamlar.

Ýagny Istwud 50 ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýän «Warner Bros.» kinostudiýasynda «2-nji kazyýet oturdaşy» filminiň üstünde işläp başlady.

Filmiň ýordumy kast edişlik bilen bagly kazyýet seljerişligi barada gürrüň berýär. Oturdaşlaryň biri kast edileniň ölümine özüniň sebäp bolandygyna düşünýär. Indi gahryman agyr ahlak meselesini çözmeli: ýa-ha hakykaty gürrüň bermeli, ýa-da beýleki oturdaşlary aldamaly.

Bu barada «Discussing Film» habarlar portalyna salgylanýan «Vesti.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň