Türkmenistanda güýçli şemalyň bolmagyna garaşylýar

23:0231.03.2023
0
48518

Sinoptikler apreliň başynda Türkmenistanda güýçli şemalyň bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

«Meteožurnalyň» habar bermegine görä, 1-nji aprelde goňşy Eýrandan güýçli şemally howa akymy Türkmenistanyň çägine aralaşar. Onuň netijesinde, ýurtda tizligi sekuntda 18-23 metre ýetýän şemalyň bolmagy mümkin.

Mundan başga-da, apreliň ilkinji günlerinde Türkmenistanda käbir sebitlerinde howanyň temperaturasynyň 15 derejeden hem peselip biljekdigi habar berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň