Soňky habarlar

Arhiw

Haýyr-sahawat indeksi-2023 boýunça Türkmenistan dünýäniň ýigrimi ýurdunyň arasynda

20:1631.03.2023
0
62196

Bütindünýä haýyr-sahawat indeksi-2023 (World Giving Index) hasabatyna görä, Türkmenistan dünýäniň 126 ýurdunyň arasynda ilkinji 20-lige girýär, ýagny 19-njy ýerde durýar.

Türkmenistanyň haýyr-sahawat görkezijisi umumy 43 göterime deňdir — haýyr-sahawat maksatlaryna serişdeleri geçirmek 32%, nätanyş adamlara kömek ýygylygy 53%, meýletinçilik çärelerine gatnaşmak 43%.

Haýyr-sahawat reýtingi ABŞ açýar — 58%; 20-nji ýerde Nigeriýa (42%); 18-nji ýerde Germaniýa (43%) bar. Reýtingiň soňunda Gresiýa (16%) ýerleşýär.

«World Giving Index» Amerikanyň Gallup instituty tarapyndan dünýäniň 153 ýurdunda geçirilen gözleglere esaslanýar. Indeks düzülende üç esasy tarap göz öňünde tutulýar: haýyr-sahawat maksatlaryna serişdeleri geçirmek, nätanyş adamlara kömek ýygylygy, meýletinçilik çärelerine gatnaşmak.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň