Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Koreýadaky Medeniýet günleri tamamlandy

18:1531.03.2023
0
44933

Şu gün Koreýa Respublikasynyň Uijeongbu şäherinde ýerleşýän Şinhan uniwersitetinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Oňa bu uniwersitetiň ýolbaşçylary, professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Dabara gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda guralan Türkmenistanyň Halk Maslahaynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, milli gymmatlyklaryň, türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisini synladylar. Bu ýerde olara türkmen milli gymmatlyklary barada gürrüň berildi. Şeýle-de Şinhan uniwersitetiniň rektory Sung Jong Kanga beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň koreý dilindäki eserler ýygyndysy gowşuryldy diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň