«Marvel Entertainment» kinostudiýasynyň başlygy işden boşadyldy

16:1431.03.2023
0
40040
«Marvel Entertainment» kinostudiýasynyň başlygy işden boşadyldy
Surat: google.com

«The Walt Disney Company» kompaniýasy «Marvel Entertainment» kinostudiýasynyň başlygy Aýzek Perlmutteri işden boşatdy, bu barada «The New York Times» gazeti habar berdi diýip, TASS habarlar gullugyna salgylanýan «Trend» ýazýar.

Habarda 80 ýaşly Perlmutteriň kompaniýanyň 7 müň işgäriniň boşadylmagynyň çäklerinde wezipesinden aýrylandygy aýdylýar. Soňky ýyllarda Perlmutter şeýle-de kompaniýa her ýyl 40-60 million dollar möçberinde girdeji getiren komiksleriň neşiri bilen meşgullanýardy.

Öň «The Walt Disney Company» kompaniýasynyň baş direktoty Bob Aýger 2023-nji ýylyň tomsuna çenli işgärleriň sanyny kemeltmek tutumy barada habar beripdi. Işgärleri köpçülikleýin boşatmak 5,5 milliard dollar möçberde çykdajylary tygşytlamak maksady bilen geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň