Soňky habarlar

Arhiw

Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar

15:4731.03.2023
0
38665
Alymlar pilleriň nämeden gorkýandygyny anykladylar
Surat: fenolog.rgo.ru

Alymlaryň halkara topary synag geçirmek bilen, pilleriň hakykatda nämeden gorkýandygyny kesgitlediler diýip, «Live Science» neşirine salgylanýan «MIR 24» ýazýar.

Öň bu mähnet jandarlaryň syçanlardan gorkýandygy barada legendalar bardy. Bu barada gadymy grek ýazyjysy Pliniý ýazypdyr. Ýagny gemrijiler piliň holtumyna girip, aýaklarynyň dabanyny dişläp ýa-da onuň bedeniniň gasynlarynda hin gurnup bilýärler diýlip aýdylýardy. Emma zoologlar munuň beýle däldigini anykladylar.

Hünärmenler uzak wagtlyk synaglardan soň pilleriň garynjalaryň ýaşaýan ýerlerinden gaça durýandygyny anykladylar. Mundan başga-da olar arylardan gaty gorkýarlar, arylaryň ysyny uzak aralykdan hem almagy başarýarlar.

«Ýabany tebigatda piliň gapdalyndan duýdansyz ylgap geçýän islendik jandar ony gorkuzýar we gaharyny getirýär» diýip, Kembrij uniwersitetinden pilleriň özüni alyp barşyny we düşbüligini öwreniji hünärmen Joş Plotnik gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň