Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri: Russiýanyň ýygyndysyna Kapellodan soň türkmen futbolunyň uçurymy ýolbaşçylyk etmeli

14:3023.07.2015
0
4411

Russiýanyň ýygyndysynyň täze baş tälimçisi türkmen futbolunyň uçurymy Dmitriý Homuha bolmaly. Şeýle pikiri Russiýanyň http://sport.rbc.ru saýtynda sport žurnalisti Denis Romansow aýtdy.

Dmitriý Homuhanyň ýolbaşçylyk edýän 1996-njy ýylda doglanlaryň ýygyndy topary Russiýanyň taryhynda ilkinji gezek Ýewro U-17-niň final bölegine çykyp, onuň ýeňijisi boldy, Ýewro U-19-da bolsa kümüş medaly eýeledi — diýip, makalanyň awtory öz delillerini getirýär.

“Homuhanyň ýygyndysynyň näme üçin üýtgeşikdiginiň ýene bir sebäbi bar” — diýip, D. Romansow belleýär. — “Onuň oýunçylary eýýäm ulularyň derejesinde gereklenilýär we diýseň üstünlikli çykyşa taýýar”.

Soňra makalanyň awtory Russiýanyň ýetginjekler ýygyndysynyň (U-19) Fabio Kapello döwründe ulularyň ýygyndysynyň düzüminde, şeýle hem SSKA-nyň, “Zenitiň” we “Spartagyň” düzümlerinde premýer-ligada çykyş etmäge ýetişen futbolçylaryň atlaryny agzap geçýär.

Dmitriý Homuhanyň topary öz ruhy boýunça “Gus Hiddingiň Ýewro — 2008-iň ýarym finala çykaran toparyna çalym edýär” — diýip, D. Romansow ýazýar. “Homuhanyň topary islendik garşydaş bilen hilegärçiliksiz batyrgaý oýnaýar. Ýewro U-17-niň final böleginde olar Angliýany we Portugaliýany geçdiler, jemleýji duşuşykda bolsa Italiýany ýeňdiler. Ýewro U-19-da bolsa iň güýçli toparçadan (Gollandiýa, Germaniýa, Ispaniýa) çykdylar, özem iki duşuşykda azlykda oýnadylar, ähli oýunda ilkinji bolup pökgi geçirtdiler”.

Iň esasy zat bolsa D. Homuhanyň şägirtleri “Heniz ýedi san belgili şertnamalar bilen ýoldan çykarylanok, Ýewro U-17-däki ýeňiş hem olary azdyryp bilmedi we olar ýürekden ösmäge ymtylýarlar” diýlip, saýtda bellenilýär.

“Men Russiýanyň ýygyndysynyň täze baş tälimçisiniň wezipesini Dmitriý Homuha eýelemeli diýip hasap edýärin. Kombarowyň we Gluşakowyň nesli bilen ähli zat düşnükli... Geliň, onda bet ýygyndyny alalyň, olaryň arasynda orta ýaşlylaryň heniz umyt bildirilýänleriniň 3-4 sanysyny goşalyň, goý, Homuha bu topary dünýä çempionaty — 2018-e äkitsin... Häzirkiden-ä erbet bolmaz, galyberse-de, on ýedi we on dokuz ýaşlarynda hiç kimden heder etmän, hemmeleri diýen ýaly ýeňip bilýän tälimçimiz hem oýunçylarymyz bolar. Üç ýyldan bolsa olar has-da tejribeli bolarlar” diýip, makalanyň awtory jemleýär.

Dmitriý Homuha 1969-njy ýylyň 23-nji awgustynda Pöwrize şäherçesinde doguldy. (Aşgabat şäheriniň häzirki Arçabil etraby). Futbol bilen Aşgabadyň FSM-de, tälimçi Waleriý Nepomnýaşiniň elinde meşgullanyp başlady. 2-nji synpda tä mekdebi tamamlaýança ÇÝSM-de we sport internatynda Täçmyrat Agamyradowdan tälim aldy. Ussatlar toparyndaky çykyşyna 1985-nji ýylda Aşgabadyň “Kolhozçysynda” başlady.

Harby gullugyny Moskwanyň SSKA-synyň ikinji toparynda we Lwowyň SKA “Karpaty”-synda geçdi.

Ol ýokary derejeli Harkowyň “Metallistinde”, Peterburgyň “Zenitinde”, SSKA-da (bu toparyň düzüminde 1998-nji we 1999-njy ýyllarda degişlilikde Russiýanyň çempionatynyň kümüş we bürünç medallaryny eýeledi), Ýaroslawlyň “Şinniginde”, Groznynyň “Tereginde” (bu toparyň düzüminde 2004-nji ýylda Russiýanyň Kubogyny eýeledi) oýnady. Jerime urgularyny ýerine ýetirmegiň ussady D. Homuha 1998-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde Bangkokda (Tailand) geçirilen XIII Aziýa oýunlarynyň çärýek finalçysy boldy.

Harkowyň döwlet bedenterbiýe institutyny, Ýokary tälimçilik mekdebini tamamlady. UEFA-nyň A derejeli tälimçilik lisenziýasynyň eýesi.

Dmitriý Homuha tälimçilik işine 2006-njy ýylda SSKA-nyň ÇÝSM-nde başlady. 2010-njy ýylyň 16-njy sentýabryndan bäri Russiýanyň 1996-njy ýylda doglanlardan ybarat ýetginjekler ýygyndysyna ýolbaşçylyk edýär. Bu topar Ýewropa çempionatlarynda iki ýyl mundan ozal 17 ýaşlylaryň arasynda çempion, şu ýyl bolsa 19 ýaşlylaryň arasynda wise-çempion boldy. Bu üstünlik üçin ýakynda Russiýa Federsiýasynyň sport ministri Witaliý Mutko Dmitriý Homuha “Russiýanyň at gazanan tälimçisi” diýen at berdi. D. Homuha iki ýyl mundan ozalky üstünlik üçinem hut şeýle ada eýe boldy.

U-19 ýetginjekler ýygyndy toparyň futbolçylary bilen duşuşanda, W. Mutko, şeýle hem Dmitriý Homuhanyň Russiýanyň baş ýygyndy toparynyň tälimçiler toparyna girjekdigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň