Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly barada bilelikdäki türkmen-özbek filmi surata düşüriler

18:1730.03.2023
0
44402
Magtymguly barada bilelikdäki türkmen-özbek filmi surata düşüriler
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçisi Ýa.Mämmedow Özbegistanyň kinematografiýa agentliginiň direktorynyň orunbasary Ş.Rizaýew bilen duşuşyk geçirdi.

29-njy martda bolan duşuşykda taraplar kinematografiýa ulgamynda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri we 2023-nji ýylyň maýynda Türkmenistanda Özbegistanyň kino günlerini geçirmek barada pikir alyşdylar. Özbek tarapy agzalan çäräniň geçirilmegini doly goldaýandygyny mälim edip, onuň Aşgabat şäherinde we türkmen-özbek serhetýaka welaýatlaryň merkezlerinde özbek kinomatograflaryň we meşhur artistleriň gatnaşmagynda geçirilmegine mümkinçilik döredilse maksadalaýyk boljakdygyny mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda özbek tarapy 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda XV Daşkent kinofestiwalynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi hem-de türkmen wekiliýetiniň çagyrylýandygy barada belläp, festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň kino günlerini geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berdi.

2024-nji ýylda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli bu beýik şahsyýetiň ömri we döredijiligi, Hywada we Buharada okan hem-de ýaşan döwürleri barada bilelikde dokumental we çeper filmleriň döredilmeginiň barada pikir alşyldy.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Arkadag şäheriniň gurluşyk aýratynlyklary barada gürrüň berip, ýakyn wagtlarda bu şäheriň açylyşyny uly dabara bilen geçirmegi meýilleşdirilýändigi barada habar berdi hem-de özbek tarapyny bu dabaraly çärä gatnaşmaga çagyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň