Soňky habarlar

Arhiw

«BelAZ» 2022-nji ýylda 1 milliard dollarlyk önümini eksport etdi

15:1230.03.2023
0
37940
«BelAZ» 2022-nji ýylda 1 milliard dollarlyk önümini eksport etdi
Surat: bestbelarus.by

Belarusuň uly ýük göteriji samoswallary öndüriji «BelAZ» kompaniýasy geçen 2022-nji ýylda öz önümlerini 1 milliard dollara deň bolan möçberde eksport etdi. Bu barada kompaniýanyň marketing we eksport syýasaty boýunça baş direktory Wasiliý Şostak habar berdi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Onuň sözlerine görä, kompaniýa önümleriniň umumy bahasy 800 million dollarlygyny Russiýa ýerledi. Olar 866 sany dürli kysymly ýük göteriji samoswallar, ýörite tehnikalar, ýerasty işler üçin enjamlardyr.

Şostak üstümizdäki ýylda bu görkezijiniň has-da artjakdygyna umyt bildirdi.

Ýeri gelende aýtsak, «BelAZ» dünýäde iň iri karýer samoswallaryny, dag-magdan we gurluşyk senagaty üçin ulag enjamlaryny öndüriji kompaniýadyr. Günbatar çäklendirmeleriniň girizilmeginden öň kompaniýa uly ýük göteriji samoswallaryň dünýä bazarynyň 30 göterime golaýyny eýeleýärdi. Ol ýük göterijiligi 450 tonna bolan, dünýäde iň uly karýer samoswallaryny öndürýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň