Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly dzýudoçylar Türkiýe «Uly tuwulgasyna» gatnaşar

14:4330.03.2023
0
35637

Halkara Dzýudo federasiýasynyň resmi saýty Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 31-nji mart ― 2-nji aprel aralygynda Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçiriljek «Uly tuwulga» ýaryşyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Abraýly ýaryşda türkmen ýygyndysyna Aýbek Omirow, Hakberdi Jumaýew (60 kg-e çenli agramda), Serdar Rahymow, Hekim Agamämmedow (66 kg-e çenli agramda) hem-de Parahat Nazarow (72 kg-e çenli agramda), Aksoltan Hojageldiýewa, Gurbanaý Gurbanowa (48 kg-e çenli agramda), Saýara Rozyýewa (52 kg-e çenli agramda), Maýsa Pardaýewa (57 kg-e çenli agramda) we Zulhumar Daşgynowa (63 kg-e çenli agramda) dagy wekilçilik eder.

Ýaryşa 85 ýurtdan 616 pälwanyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň