Arhiw

Futbol boýunça Maryda geçirilen birinjilikde «Altyn täç» çempion boldy

14:2730.03.2023
0
31974

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 2007-nji ýylda doglanlaryň arasynda geçiren ýurdumyzyň futbol birinjiliginde baýrakly orunlara mynasyp bolan toparlar belli boldy. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen final duşuşygynda ýerli «Mary» hem-de paýtagtyň «Altyn täç» toparlary duşuşdylar. Ikitaraplaýyn hüjümlerde geçen duşuşygyň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky bellenen 11 metrlik urgularda şowlulyk «Altyn täç» toparynyň tarapynda boldy.

Üçünji orun ugrunda geçirilen duşuşykda «Aşgabat» «Ahaldan» 3:2 hasabynda üstün çykdy.

Mary şäherinde geçirilen futbol birinjiligine welaýatlara hem-de paýtagta wekilçilik eden toparlaryň 9-synyň gatnaşandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň