Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa sebitinde bilim boýunça resminamalary ykrar etmek hakynda Buýruga gol çekdi

22:1929.03.2023
0
27569

Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa sebitinde bilim boýunça resminamalary ykrar etmek hakynda Buýruga gol çekdi diýip, TDH habar berdi.

Resminama laýyklykda, Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýada görkezilen milli maglumat merkezleriniň wezipelerini amala aşyrýan ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Bilim ministrligi Adalat ministrligi bilen bilelikde Buýrukdan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Degişli Buýruga Türkmenistanyň orta we ýokary hünär bilimli işgärler bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakynda resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegi kämilleşdirmek hem-de Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýadan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen gol çekildi diýip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň