Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

09:1123.07.2015
0
5309

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny iň bir aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmekde we ony ýok etmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, gynanç hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň