Soňky habarlar

Arhiw

Koreýada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy

14:5929.03.2023
0
30472

Şu gün Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Medeniýet günleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn iş duşuşyklaryny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň ilkinji gününde Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahat iki ýurduň wekillerinde, şol sanda koreý habar beriş serişdeleriniň, ylmy jemgyýetçiliginiň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi. Beýik türkmen şahyrynyň döredijiliginiň umumadamzat edebi mirasynyň aýrylmaz bölegidigi, onuň halal ýaşamagy ündemekde, adamy dogry ýola gönükdirip, belent maksatlara ruhlandyrmakda örän gymmatly ruhy baýlykdygy çykyşlarda aýratyn nygtaldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri hem döredijiligi barada iňlis dilinde gürrüň berýän wideoýazgynyň görkezilmegi, şeýle-de onuň «Türkmeniň» atly goşgusynyň koreý dilinde okalmagy has-da täsirli boldy.

Koreýanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda guralan türkmen milli amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi-de uly gyzyklanma döredip, olar üçin türkmenistanly sungat ussatlarynyň döredijiligi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik boldy.

Türkmen-koreý sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti tomaşaçylara ruhy lezzet paýlap, medeniýetiň we sungatyň halklary dostlaşdyrýan hem-de jebisleşdirýän uly gymmatlykdygyny ýene bir ýola äşgär etdi.

Koreýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Medeniýet günleri 31-nji martda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň