Soňky habarlar

Archive news

Awazada täjigistanly çagalar dynç alýar

13:1522.07.2015
0
641
Awazada täjigistanly çagalar dynç alýar

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy diňe ulularyň däl, eýsem, çagalaryň hem söýgüli syýahatçylyk merkezine öwrüldi. Ýaňy-ýakynda bolsa bu ýerde täze üç sany attraksion seýilgähiniň açylyp, ulanylmaga berlendigini habar beripdik. Häzirki wagtda bu ýerde çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleri döredilip, olarda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirýärler.

Ýakynda bolsa täjigistanly çagalaryň bir topary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna geldi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Daýanç» sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalar bu ýerdäki türkmenistanly deň-duşlary bilen dürli oýunlary oýnaýarlar, sport ýaryşlaryny geçirýärler. Täjigistanly mekdep okuwçylarynyň Awazadaky dynç alyş döwri birnäçe güne çeker.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň