Soňky habarlar

Arhiw

Ogulşat Amanowa: «Polina Gurýewa biziň üçin ylham çeşmesi boldy»

17:1628.03.2023
0
40960

Agyr atletika boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýä çempiony bolan türkmenistanly türgen Ogulşat Amanowa ýeňişden soň Halkara Agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynyň žurnalistlerine interwýu berdi.

Kakasy Gurbandurdy Amanowdan tälim alýan mekdep okuwçysy bu üstünligiň özüni arkaýynlaşdyrmajakdygyny, gaýtam, türgenleşiklerini has ýygjamlaşdyrjakdygyny aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, gazanylan çempionlykda kakasynyň diýseň uly paýy bar.

«Men örän güýçli. Muny okaýan mekdebimde hem her kim bilýär. Şonuň üçin olar meniň bilen degişmekden ýaýdanýarlar» diýip, IWF-niň resmi saýty Amanowa baradaky habarynda türkmenistanly türgen gyzyň degişmesini hem getirdi.

Çempionlykdan başga-da, Ogulşat milli rekordy 20 kilograma çenli ýokary göterdi. Ogulşadyň 45 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşandygyny ýatladýarys.

Ogulşat Amanowa geçen ýyl Polina Gurýewanyň Olimpiýa oýunlarynyň medalyny gazanmagy özlerini has höweslendirendigini hem aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň