Soňky habarlar

Arhiw

Londonda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

14:1828.03.2023
0
26892
Londonda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Surat: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky ilçihanasynyň binasynda Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen tanyşdyryş çäresi geçirildi diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.

24-nji martda geçirilen duşuşyga Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Beýik Britaniýadaky bölümi bolan «Galkynyş» adyndaky birleşiginiň wekilleri, bu ýurduň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we London şäherinde ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçisi Ýazmyrat Serýaýew çykyş etdi. Ilçi öz çykyşynda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler, bitaraplyk syýasaty we halkara gatnaşyklarda öňe sürülýän döwrebap başlangyçlar, şeýle hem dünýä ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlyklar hakynda gürrüň berdi.

Tanyşdyrylyş dabarasynda Ý.Serýaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda hereket etjek Arkadag şäheriniň gurluşygy bilen giňişleýin tanyşdyrdy.

Duşuşygyň başynda Arkadag şäherinde gurulýan desgalar we binalar, döredilýän döwrebap durmuş şertleri we ornaşdyrylýan tehnologiýalar barada maglumat berildi. Şeýle-de bu şäherde hereket etjek ekologik taýdan arassa ulag serişdelerine degişli foto we wideo şekiller görkezildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň