Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi «Demirgazyk akym» boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi

12:3328.03.2023
0
26264
BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi «Demirgazyk akym» boýunça Rezolýusiýany kabul etmedi
Surat: google.com

Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşi 27-nji martda geçen ýygnagynda Russiýa Federasiýasy we Hytaý tarapyndan «Demirgazyk akym» gaz geçirijilerinde amala aşyrylan ýykgynçylygy halkara derejede derňemek barada hödürlenen Rezolýusiýany kabul etmedi. Bu barada TASS habar berdi.

Resminamany RF, Hytaý we Braziliýa goldady. 12 döwlet, ýagny Albaniýa, Birleşen Patyşalyk, Gabon, Şweýsariýa, Malta, Gana, Mozambik, Birleşen Ştatlar, BAE, Fransiýa, Ýaponiýa we Ekwador saklandy.

Rezolýusiýa garşy hiç bir ýurt ses bermedi.

Resminama awtordaşlar bolup Belarus we birnäçe ýurtlar çykyş etdi, emma HG-iň düzümine girmänsoňlar, olar ses berlişige gatnaşmadylar.

Rezolýusiýanyň kabul edilmegi üçin 15 ýurduň 9-synyň goldamagy gerek, şeýle-de Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalarynyň hiç biri (Russiýa, HHR, ABŞ, Fransiýa we Beýik Britaniýa) oňa garşy ses bermeli däl.

Russiýa «Demirgazyk akymlarda» amala aşyrylan ýykgynçylyk boýunça Rezolýusiýanyň birinji nusgasyny geçen aýyň aýagynda teklip edipdi. RF guramanyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agza ýurtlaryndan bu resminamany ara alyp maslahatlaşmagy talap etdi. Mundan soň geňeşmeleriň üç tapgyry geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň