Soňky habarlar

Arhiw

Futzal boýunça zenanlaryň arasyndaky Türkmenistanyň kubogy tamamlandy

12:3028.03.2023
0
43518

Aşgabadyň «Altyn täç» topary zenanlaryň arasynda geçirilen futzal boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda Mary welaýatynyň «Olimp» toparyny ýeňlişe sezewar etdi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Kamil Mingazowyň tälim berýän topary garşydaşyndan 4:2 hasabynda üstün çykmagy başardy. «Balkan» toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykan «Ahal» hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Final duşuşygynyň yzysüresinde tapawutlanan oýunçylardyr, tälimçi bilen eminiň sylaglanyş dabarasy geçirildi.

Şeýlelikde, «Olimp» toparynyň oýunçysy Läle Haipowa Kubok bäsleşiginiň «Iň ökde oýunçysy» diýlip yglan edildi. Garşydaşlarynyň derwezesinden netijeli urgularyň 18-sini geçiren «Altyn täç» toparynyň oýunçysy Mariýa Çaryýewa iň köp gol geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlandy. «Altyn täjiň» derwezeçisi Aýşa Annaberdiýewa iň ökde derwezeçä gowşurylýan baýraga mynasyp boldy. Üçünji orny eýelän «Ahal» toparynyň tälimçisi Boris Borowik «Iň ökde tälimçi», Guwanç Aşyrow bolsa «Iň ökde emin» diýlip saýlanyldy.

Ýeňiji bolanlara baýraklary Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy Arslan Aýnazarow hem-de TFF-niň başlygynyň orunbasary Şatlyk Orazgylyjow gowşurdylar.

Ýeri gelende bellesek, zenanlaryň arasynda geçirilen Türkmenistanyň Kubok bäsleşigine paýtagtymyza hem-de welaýatlarymyza wekilçilik eden toparlarynyň sekizisi gatnaşdy.

«7-nji orun üçin»

«Aşgabat» – «Nokat» 2:0

«5-nji orun üçin»

«Miras» – «Daşoguz» – 6:4

«3-nji orun üçin»

«Ahal» – «Balkan» – 2:1

«FINAL»

«Olimp» – «Altyn täç» – 2:4

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň