Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Buig” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Martin Buigi kabul etdi

11:0422.07.2015
0
6548

21-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” fransuz kompaniýasynyň baş direktory jenap Martin Buigi kabul etdi.

Ýewropanyň iri kompaniýasynyň ýolbaşçysy wagt tapyp, kabul edendigi üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, milletiň Liderini “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 20 ýyllygy hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we bagtyýarlyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow köpýyllyk hyzmatdaşlyga kanagatlanma bildirip, kompaniýanyň giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyna saldamly goşandyny belledi. Şol maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistan iň häzirki zaman tehnologiýalaryny çekýär we daşary ýurtlaryň iň gowy tejribesini ulanýar.

Duşuşygyň barşynda myhman döwlet Baştutanyna kompaniýa ynanylan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada habar berdi, şeýle hem mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek babatda täze teklipleri beýan etdi. Şol teklipler bolsa Türkmenistanda amala aşyrylýan ägirt uly maksatnamalar we durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy.

Martin Buig ýurdumyzda indi 25 ýyldan gowrak wagtdan bäri işleýän “Buig” kompaniýasynyň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny has-da berkitmäge hem-de türkmen Lideriniň başyny başlan iri möçberli taslamalaryna we maksatnamalaryna işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň mundan beýläk hem öz üstüne alan borçnamalaryna berk eýerjekdigini, buýrujynyň ähli isleglerini nazara almak bilen, özüne ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabady we ýurdumyzyň beýleki şäherlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň maksatnamasynyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda fransuz kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtap, gurluşyk babatda türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryna ünsi çekdi. Şol talaplaryň esasysy desgalaryň gurluşygynyň öz möhletinde we ýokary hilli amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu desgalaryň her birinde milli binagärligiň iň gowy däpleri, täsin binagärlik hem-de täze inženerçilik-tehniki çözgütler öz beýanyny tapmalydyr.

“Buig” kompaniýasynyň baş direktory ikiçäk duşuşykda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanyna hem-de ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, abadançylyk we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna ýetmekde täze üstünlikler arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň