«Mobile tm» onlaýn-dükanynda sowgatly bäsleşik dowam edýär

10:1328.03.2023
0
26266

Telefonlaryň, ykjam enjamlaryň, aksessuarlaryň we goşmaça esbaplaryň internet-dükany «Mobile tm» alyjylarynyň arasynda gymmat bahaly sowgatlar goýlan bäsleşik boýunça aksiýanyň dowam edýändigini habar berýär. Tutuş 2023-nji ýylyň dowamynda «Mobile tm-de» harytlary satyn almak bilen şu baýraklary utup bilersiňiz:

  • 1-nji orun – «Apple» ykjam telefony;
  • 2-nji orun – «Samsung» ykjam telefony;
  • 3-nji orun – «Xiaomi» ykjam telefony.

«Mobile tm» internet-dükanynda näçe köp söwda edilse, şonça-da gymmat bahaly sowgat – ykjam telefon utmak mümkinçiligi artýar. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 31-nji dekabrynda tamamlanar, şol gün dükanyň saýtynda çäräniň netijeleri we ýeňijileriň atlary ýerleşdiriler.

– Dükanymyz tarapyndan guralýan aksiýa gatnaşmak Täze ýylda sowgat bilen özüňi begendirmek, şeýle hem ýokary hilli elektron we beýleki harytlary edinmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir – diýip, «Mobile tm» dükanynyň wekili gürrüň berdi.

«Mobile tm» saýtynda ykjam telefonlaryň (smartfonlaryň we düwmeli telefonlaryň), stasionar telefonlaryň, simsiz gulaklyklaryň, smart-sagatlaryň, öý üçin «akylly» enjamlaryň we beýlekileriň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Saýtda sargytlar günüň dowamynda kabul edilýär, Aşgabadyň içine eltip bermek hyzmaty sagat 10:00-dan 18:00 aralygynda amala aşyrylýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 42 04 05, (+993 65) 80 90 90. IMO-daky sahypasy: (+993 65) 80 90 90. Sosial ulgamdaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň