Soňky habarlar

Arhiw

Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

16:4727.03.2023
3
37621

2023-nji ýylyň 29–31-nji marty aralygynda Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky (Seul şäheri) ilçihanasy tarapyndan habar berildi.

Habar berilmegine görä, Medeniýet günlerini Koreýanyň paýtagt Seul hem-de Yýjoň-bu şäherlerinde geçirmek meýilleşdirilýär.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Halkara maslahat geçiriler, şeýle hem sergiler we türkmen-koreý medeniýet-sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konserti guralar. Şeýle-de Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen filmleriniň görkezilmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň