Soňky habarlar

Arhiw

Russiýada täze partiýa döredildi

16:0727.03.2023
0
33568
Russiýada täze partiýa döredildi
Surat: smotrim.ru

Russiýada «Maşgala üçin!» («За семью!») diýen at bilen täze partiýa döredildi, bu barada syýasatçy Andreý Kormuhin habar berdi diýip, «Vesti.ru» ýazýar.

«Ähli taýýarlyk işleri tamamlandy, sebitleriň 50-den gowragyndan delegatlar partiýanyň döredilmegi barada ses berdiler, partiýanyň ähli ýolbaşçy edaralaryny saýladylar» diýip, Kormuhin belledi.

Ol partiýany hasaba aldyrmagyň heniz öňdedigini aýdyp, onuň tiz wagtda amala aşjakdygyna umyt bildirdi.

Kormuhiniň sözlerine görä, şeýle partiýanyň peýda bolmagyna bireýýäm wagt ýetdi, sebäbi russiýalylaryň köpüsi däp bolan ruhy-ahlak gymmatlyklaryna eýerýärler.

Eger «Maşgala üçin!» partiýasyny hasaba aldyrmaga ýetişilse, ol 2023-nji ýylyň saýlawlaryna gatnaşyp biler diýip, «RIA Nowosti» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň