Segsen ýaşly kanadaly zenan gan donorlygy boýunça rekord goýdy

11:1627.03.2023
0
25773
Segsen ýaşly kanadaly zenan gan donorlygy boýunça rekord goýdy
Surat: india.postsen.com

Kanadanyň Alberti ülkesiniň 80 ýaşly ýaşaýjysy eýýäm 60 ýyl bäri gan tabşyrmak bilen, zenanlaryň arasynda ganbagyşlyk boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berildi diýip, «Interfax.ru» ýazýar.

Jozefina Mihalýuk 1965-nji ýylda, 22 ýaşyndaka gan tabşyryp başlady, ol şondan bäri her gezekde 0,5 litre deň bolan 203 sapar gan tabşyrdy.

Ony bu işe şepagat uýasy bolup işleýän aýal dogany ruhlandyrypdyr. Mihalýugyň ganynyň topary (О+) uly islegden peýdalanýar, ol adamlara kömek edýändiginden hoşaldygyny gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň