Ýerewanda orhideýa gülleriniň sergisi geçirildi

10:1327.03.2023
0
20357
Ýerewanda orhideýa gülleriniň sergisi geçirildi
Surat: ria.ru

Ermenistanyň paýtagtynda düýn orhideýa gülleriniň sergisi tamamlandy. Bu barada «MIR 24» habar berýär.

Şäheriň Botanika bagyndaky tropiki we subtropiki ösümlikleriň ýyladyşhanasynda bu gülüň diňe giň ýaýran görnüşlerini däl, eýsem, seýrek görnüşlerini hem synlamak mümkin boldy, olar 50 sortdan ybaratdyr.

Hünärmenler sergä gelýänlere orhideýa güllerini ýetişdirmegiň syrlary barada gürrüň berdiler, Ermenistanda bu iş bilen, esasan, biologlar, şeýle-de bu gülleri söýýänler meşgullanýarlar.

«Orhideýalary ýetişdirmek ýurdumyzda barha meşhurlyk gazanýar. Biziň indi olary adamlara gözellikden ruhy lezzet almak üçin görkezmäge mümkinçiligimiz bar. Adamlar ýylsaýyn birek-birege gül çemenlerini däl, eýsem, janly gülleri sowgat bermegi öwrenýärler» diýip, sergä gatnaşyjylaryň biri, biolog Lilit Şapahatýan gürrüň berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň