Soňky habarlar

Arhiw

Parižde 2024-nji ýyla çenli howa taksileri işe goýberiler

09:4727.03.2023
0
18522
Parižde 2024-nji ýyla çenli howa taksileri işe goýberiler
Surat: processer.media

Parižde geçjek Olimpiada-2024-niň açylyşyna çenli aerotaksiler peýda bolar diýip, «Habar 24» ýazýar.

Uçuş enjamlary «Vоlocopter» nemes firmasy tarapyndan işlenip düzüldi. Aerotaksiniň depesinde elektrik motorlary bilen üpjün edilen perleriň 18-si ýerleşýär. Olara akkumulýatorlaryň dokuzysy arkaly güýç berilýär. Doly güýç berlende, aerotaksi tizligini sagatda 110 kilometre çenli artdyrmaga we 450 kilograma çenli ýük daşamaga ukyplydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň