Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatdaky 48-nji saýlaw uçastogynda mynasyp gören dalaşgärine ses berdi

22:0026.03.2023
0
35184

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşdy.

Ir bilen Serdar Berdimuhamedow paýtagtyň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artykow adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň çägindäki 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Döwlet Baştutany saýlaw uçastogynyň ses bermek üçin niýetlenen ýerine baryp, iň mynasyp gören dalaşgärlerine ses berip, özüniň konstitusion hukugyndan peýdalandy hem-de raýatlyk borjuny berjaý etdi.

Hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow her bir dalaşgäre üstünlik, saýlaw toparlarynyň agzalaryna bolsa bu möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäräni netijeli geçirmegi, halka abadan, bagtyýar durmuşy arzuw edip, saýlawlaryň tutuş ýurt boýunça ýokary guramaçylyk derejesinde geçjekdigine ynam bildirdi.

Bu uçastokda saýlawçylaryň sanawyna girizilen ýurduň beýleki raýatlary hem hormatly Prezidentiň göreldesine eýerip iň gowy wekillerine ses berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň