Soňky habarlar

Arhiw

Milli synçylaryň 3 müňe golaýy saýlawlara syn edýär

18:4826.03.2023
0
22568
Milli synçylaryň 3 müňe golaýy saýlawlara syn edýär
Surat: Türkmenmetbugat

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda milli synçylar jemgyýetçilik-syýasy çäräniň açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda geçmegine ýardam berýärler.

Umuman, şu gezekki saýlawlar boýunça ýurduň syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan milli synçylaryň 2855-si bellige alyndy. Şolaryň 594-si Demokratik partiýanyň, 307-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, 408-si Agrar partiýanyň, 600-si Kärdeşler arkalaşyklarynyň, 302-si Zenanlar birleşiginiň, 570-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, 21-si raýatlar toparlarynyň, 53-si bolsa dalaşgärleriň bellän wekilleridir.

Olar öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde saýlawlaryň kanunçylyga laýyklykda geçirilişine syn edýärler. Ýeri gelende bellesek, saýlawlara ýerli derejede syn edýän milli synçylaryň 50,47 göterimini zenanlar düzýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň