Şu gün we ertir ýokary görkezijili magnit hadysasy bolar

13:4726.03.2023
0
26214

26-njy martda güýji 7 dereje bolan magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar. 27-nji martda bu görkeziji 6 dereje bolar. Bu barada «Meteoagent» ýazýar.

Bu görkeziji howa şertlerine duýgur adamlarda ynjalyksyzlygyň, beden agyryň, kellagyrynyň döremegine, gan basyşyň ýokarlanmagyna getirip biler.

Magnit hadysalary orta güýçli bolsa-da, adamyň saglygyna ýaramaz täsir edýär. Magnit hadysasynyň ýaramaz täsirleriniň iň köp ýaýran görnüşleri aşakdakylardyr:

  • baş aýlanmagy we kelleagyry;
  • ukynyň bozulmagy;
  • gan basyşynyň bozulmagy;
  • dowamly keselleriň agyrlaşmagy;
  • agyrylar, şeýle hem bogunlarda agyry;
  • işdäňi ýitirmek we ýürek bulanmak;
  • ejizlik duýgusy.

Şeýle günlerde bedene kömek etmek üçin günde azyndan 7-8 sagat ýatmak, günde azyndan 2 litr suw içmek maslahat berilýär. Kofeniň mukdaryny azaltmaly we dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary köpräk içmeli, ýagly iýmitlerden gaçarak durmaly.

Mundan başga-da, maşklary ýerine ýetirmek, arassa howada ýöremek saglygyň gowulaşmagyna kömek edýär.

Lukmanlar bu hadysanyň bolmagyna garaşylýan we bolup geçýän döwründe agyr fiziki işleri etmekden, sportuň agyr görnüşleri bilen meşgullanmakdan, dartgynly meseleleri çözmekden, stres döredýän ýagdaýlardan gaça durmagy, işiň arasynda käte oturyp, dynjyňy almaly, ýönekeý beden maşklaryny ýerine ýetirmegi maslahat berýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň