«Altyn asyr» BAE-de «Al-Arabi» bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirip, deňme-deň oýnady

09:4026.03.2023
0
17681

Aşgabadyň «Altyn asyr» toparynyň futbolçylary BAE-de ýerli «Al-Arabi» topary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdiler.

Umm-el-Kaýwaýn şäherinde geçirilen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.

«Al-Arabi» şu şähere wekilçilik edýän topardyr. Topar BAE-niň futbol ligasynyň birinji dwizionynda ýaryşýar.

«Altyn asyryň» Birleşen Arap Emirliklerindäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygy 31-nji martda tamamlanar.

«Altyn asyr» futbol toparynyň 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna mynasyp bolup, milli çempionaty ikinji orunda tamamlandygyny ýatladýarys. Türkmenistanyň wise-çempiony şu ýyl AFK-nyň kubogyna gatnaşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň