Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmengaz” Döwlet konserni: Türkmenistanyň gaz pudagynyň täze ösüş mümkinçilikleri

10:2421.07.2015
0
20922

Türkmenistan baý tebigy serişdelere eýe bolmak bilen, dünýäniň esasy energetika döwletleriniň hataryna girýär. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny çalt depginler bilen ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynyň esasyny düzýär. Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň düzümine girýän edara-kärhanalaryň öňünde goýan esasy wezipeleriniň hatarynda – uglewodorod çig malynyň çykarylyşyny, gaýtadan işlenmegini we eksportyny artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we netijeli ulanmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak wezipeleri durýar.

Bu ugurda alnyp barylýan işler barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Aşyrguly Begliýewiç BEGLIÝEW «Nebit-gaz» gazetine beren gürrüňinde şeýle beýan etdi.

– Aşyrguly Begliýewiç, «Türkmengaz» döwlet konserniniň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary barada gürrüň beräýseňiz...

– Hereket edýän gaz geçiriji ulgamyň durkuny täzelemek, içerki gaz üpjünçilik üçin gaz geçirijiler ulgamyny giňeltmek we tebigy gazy halkara bazarlaryna ibermäge niýetlenen täze gaz geçirijileri gurmak ýurdumyzyň gaz düzümini ösdürmegiň ileri tutulýan ugry bolup durýar.

Iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek gaz pudagynda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalaryň biridir. Ol täze guruljak eksport gaz geçirijileri üçin tebigy gazyň esasy çeşmesi bolup hyzmat eder.

Häzir Gündogar—Günbatar gaz geçirijisiniň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar. Onuň işe girizilmegi gazyň eksport akymlarynyň ugruny dessine üýtgetmäge, içerki gaz üpjünçiligiň ygtybarlylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Hususan-da, ýurdumyzyň gündogarynda ýerleşen baý ýataklardan harytlyk gazyň 30 milliard kubmetrini Türkmenistanyň günbatar böleginde guruljak halkara gaz geçiriji ulgama akdyrmaga mümkinçilik dörär.

– Aşyrguly Begliýewiç, mälim bolşy ýaly, tebigy gazyň eksport akymlarynyň köpugurlylyk ýörelgelerinden ugur almak bilen, Türkmenistanda beýleki eksport gaz geçiriji ulgamlary döretmek boýunça hem işler alnyp barylýar...

– Hawa, şeýle. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasyna laýyklykda Türkmenistan tebigy gazyň eksportyny artdyrmaga we onuň daşary ýurtlara iberilmegini diwersifikasiýalaşdyrmaga aýratyn möhüm ähmiýet berýär. Häzir «mawy ýangyjy» Russiýa Federasiýasyna, Hytaý Halk Respublikasyna we Eýran Yslam Respublikasyna ibermek bilen bir hatarda ýurdumyz gazy eksport etmegiň täze ugurlaryny – ýewropa we günorta-gündogar ugurlaryny işläp düzýär.

Şu maksat bilen Türkmenistan—Owganystan—Pakistan— Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagy energiýa serişdelerini ugradýan we olary sarp edýänler üçin ykdysady nukdaýnazardan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, eýsem, bu turba geçiriji sebitde parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek üçin kuwwatly itergi berip, müňlerçe iş orunlaryny döretmek, üstaşyr geçiriji ýurtlarda senagaty ösdürmek üçin şert döreder. TOPH gaz geçirijisiniň uzynlygy 1735 kilometre, taslama kuwwatlylygy bolsa 33 mlrd kubometre deň bolar. Bu taslamany durmuşa geçirmegiň esasy ýörelgeleri Türkmenistanyň, Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň arasynda baglaşylan Hökümetara ylalaşyklarda öz beýanyny tapdy.  

– Häzir dünýäniň habar beriş serişdeleri Türkmenistan ygtybarly gaz iberýän we dünýäniň energetika giňişliginde möhüm orun eýeleýän döwlet bolup durýar diýip belleýärler...

– Hakykatdan hem olar mamla, Ýewropa Bileleşigi bilen barha berkeýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklary munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň maýynda Aşgabatda dörttaraplaýyn duşuşyk geçirildi, oňa Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň ýangyç-energetika edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna, şol sanda ýewropa ugurda ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol, hususan-da, bilelikdäki köpugurly turba geçiriji düzümiň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Duşuşygyň jemleri boýunça oňa gatnaşyjylar Jarnama gol çekdiler, onda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen täsirli usullary döretmek meseleleri boýunça halkara guramalarynyň çäklerinde işjeň gatnaşyklary dowam etmäge ymtylýandygy tassyklanyldy.

Aşgabatda maý aýynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň pudak ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde işçi toparyny döretmek kararyna gelnendigini bellemek gerek.

Taraplar, şeýle hem energiýa serişdelerini Hazar sebitinden günbatar ugurda iberjek turba geçiriji düzümi gurmak meýilnamasyna Gruziýany çagyrmaga özara isleg bildirýändiklerini beýan etdiler. Häzirki wagta çenli eýýäm Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Gruziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň gatnaşmagynda ministrleriň orunbasarlarynyň derejesinde bäştaraplaýyn işçi topary döredildi. Onuň birinji mejlisi 14-nji iýulda Brýusselde geçirildi.

– Aşyrguly Begliýewiç, gazy gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek babatda nähili işler amala aşyrylýar?

– Häzir ýurdumyzda tebigy gazy iki ugurda çuňňur himiki usul bilen işlemegi ýola goýmak işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar.

Birinji ugur – bu tebigy gazdan propany, etany we beýleki zatlary mälim bolan usullar bilen aýyrmak hem-de polietilen, polipropilen, poliwinilhlorid we önümleriň beýleki görnüşlerini almak üçin olary gaýtadan işlemek.

Ikinji ugur – bu metanol almak üçin metany himiki usul bilen gaýtadan işlemek hem-de suwuk ýangyç, ýagny benzin, dizel ýangyjyny we beýlekileri işläp çykarmak üçin alnan metanoly gaýtadan işlemek.

Häzir Türkmenistan tebigy gazyň çykarylyşyny we iberilişini artdyrmaga gönükdirilen birnäçe mega-taslamalary, şeýle hem gazy çuňňur gaýtadan işlemek boýunça umumy bahasy ABŞ-nyň 20 milliard dollaryna golaý bolan taslamalary amala aşyrýar. Olar «Galkynyş» gaz känini gurmagyň ikinji tapgyry we Türkmenistan—Hytaý gaz geçirijisiniň umumy kuwwaty 30 milliard kubmetre deň bolan dördünji şahasynyň türkmen bölegini gurmak, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän zawod, şeýle hem Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän zawod ýaly taslamalardyr. Eýýäm ýakyn geljekde gazhimiýa boýunça ýene birnäçe taslamany amala aşyrmaga girişmek meýilleşdirilýär. Bu taslamalar sintetik suwuk ýangyjyň, polimerleriň, metanolyň, şeýle hem beýleki himiýa önümleriniň önümçiligini guramaga gönükdirilendir.

Gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygyna öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan belli ýapon we koreý kompaniýalary gatnaşýar. Mysal üçin, «TOYO Engineering» kompaniýasy «LG International» we «Hyundai engineering» kompaniýalary bilen bir konsorsiumda Türkmenistanyň günbatarynda ýerleşýän Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurluşygyna girişdi. «Kawasaki Heavy Industries» kompaniýasy «Rönesans Endüstri Resisleri Inşaat Sanaýi ve Tijaret A.Ş.» türk kompaniýasy bilen bilelikde benzin öndürýän zawod gurmak üçin «Türkmengaz» döwlet konserni bilen şertnama baglaşdy. Sintetik suwuk ýangyç (dizel, kerosin we nafta) öndürýän zawody gurmak boýunça tehniki-ykdysady esaslandyrmany taýýarlamak üçin Ýaponiýanyň «Sojitz Corporation», «Nippon Steeland Sumkin Engineering», «Chiyoda Corporation» we «Ito­chu Corporation» kompaniýalary bilen gepleşikler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda Koreýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň barşynda gazhimiýa toplumlaryny gurmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyklaryň gazanylandygyny bellemek gerek. Hususan-da, «Türkmengaz» döwlet konserni hem-de «LG International» we «Hyundai engineering» kompaniýalary tebigy gazy gaýtadan işlemekden alynýan suwuk sintetik ýangyçlary öndürýän zawodyň taslamasyny düzmek, enjamlary satyn almak we gurmak boýunça şertnama baglaşmak üçin Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler.

Pursatdan peýdalanyp, nebitgaz pudagyny ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň gazçylarynyň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etmek isleýärin.

– Aşyrguly Begliýewiç, beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň işgärleriniň adyndan size, ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň