Kanadanyň ilaty ilkinji gezek bir ýylda 1 million artdy

10:0125.03.2023
0
25562
Kanadanyň ilaty ilkinji gezek bir ýylda 1 million artdy
Surat: ampbellrivermirror.com

Kanadanyň ilaty geçen ýylyň jemleri boýunça ýurduň taryhynda ilkinji gezek 1 million adam köpeldi we görkeziji indi 39,5 million adam deňdir diýip, TASS habarlar gullugy bu demirgazyk amerikan döwletiniň Statistika edarasyna salgylanyp habar berýär.

Ýagny 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli ýurduň ilaty 1050110 adam köpeldi, ösüş 2,7 göterime deň boldy. Bu 1956-njy ýyldan bäri ilkinji gezek hasaba alynýar, şol ýyl Ikinji jahan urşunyň tamamlanmagy bilen baglylykda, Kanadada ilatyň sany ýokary ösüş görkezipdi. Şol gezekki ilatyň artyşyna şeýle hem Wengriýadaky 1956-njy ýyldaky gozgalaň sebäpli Kanada gelen bosgunlaryň artmagy täsir edipdi.

Kanadanyň statistika edarasy häzirki ýagdaý barada ýurduň täze ýaşaýjylarynyň 437 müňden gowragynyň bosgunlardygyny habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň