Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Astanadaky ilçihanasy Nowruz baýramy mynasybetli geçirilen çärelere gatnaşdy

18:1323.03.2023
0
29433

Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçihanasy Astana şäher seýilgähinde Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilen medeni-köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Çäre Astana şäher häkimligi tarapyndan guraldy diýlip, Türkmenistanyň Gazagystandaky diplomatik edarasynyň sosial ulgamdaky resmi sahypasynda habar berilýär.

Baýramçylyk dabaralaryna diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, Astana şäheriniň myhmanlary we Gazagystanyň paýtagtyndaky ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, dabarada ak öýüň içinde ýaýbaňlandyrylan türkmen burçy aýratyn-da baýramçylyk üçin taýýarlanylan milli tagamlary bilen myhmanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde myhmanlar türkmen halkynyň medeniýeti, urp-adatlary we däp-dessurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň ilçihanasynyň gurnan bu ak öýlerine Astana şäher häkimliginiň wekilleri hem baryp gördüler hem-de türkmen tarapynyň taýýarlyk derejesine we myhmansöýerligine ýokary baha berdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň